Hassalar Hakda Risale | IKINJI LEMA | 1
(1-11)

IKINJI LEMA (Şugla)


Sabyr gahrymany Hezreti Eyyub A- leyhissalamyn şu mynajaty (yalbarmak) tejribeden geçendir we örän täsirlidir. Yöne biz mynajatymyzda Kuranyn a- yatyndan gysgaldylyp alnan görnüşinde  diymelidiris.

Hezreti Eyyub Aleyhissalamyn meş- hur kyssasynyn mazmuny şudur:

Bedenine düşen köp yaralardan uzak wagtlap ejir çekip, hassalygyn uly peydasy barada oylanyp, kämil sabyr- lylyk bilen çydam edipdir.

Sonra yaralaryndan dörän gurtlar zikr we Allahy tanamagyn orunlary bo- lan kalbyna we diline hüjüm edendik- leri üçin, ybadat wezipesine zyyan ge- ler düşünjesi bilen, öz rahatlygy üçin däl-de, Allaha ybadat etmek niyeti bi- len: «Ya Rab! Bular mana zyyan ber- yärler. Dil bilen edyän zikrime we kalb bilen edyän ybadatlaryma päsgel ber- yärler» diyip yalbarypdyr. Jenab-y Hak ol yagşy niet we yhlas bilen edilen dile- gi örän ajayyp görnüşde kabul edipdir. Kämil sag-salamatlygy ona sowgat edip, rahmetinin görnüşlerine eye edip- dir. Ynha, bu Lemada Bäş Nükte  bar.


BIRINJI NÜKTE

Hezreti Eyyub Aleyhissalamyn daş- ky yara hassalyklarynyn deregine, bizin içki kalp we ruhy hassalyklarymyz bar- dyr. Içimizi daşa, daşymyzy içe çö- würsek, hezreti Eyyubdan has beter ya- raly we hassa görünjekdiris. Çünki her bir eden günälerimiz, aklymyza giren şübheler kalbymyzda we ruhumyzda yaralar açar.

Hezreti Eyyub Aleyhissalamyn ya- ralary gysgajyk dünyä yaşayşyna howp salyardy. Emma bizin ruhy yaralary- myz hemişelik bolan ebedi yaşayşy- myza howp salyar. Biz hezreti Eyyub Aleyhissalamyn ol mynajatyna ondan has zyyada mätäçdiris.

sesi yok