Miwe Risalesi | Miwe Risalesi | 2
(1-100)
Birinjisi.

Dördünji Sözde beýan edilişi ýaly, her gün ýigrimi dört sagat ýaşaýyş sermaýasyny iki ýaşaýşymyza gerekli zatlar almagymyz üçin Ýaradanymyz bize yhsan edýar. Biz gysgajyk dünýewi ýaşaýşymyz üçin ýigrimi üç sagady sarp edip, bäş parz namaza ýeterli bolan bir sagady örän uzyn bolan ahyrýet ýaşaýşymyz üçin sarp etmesek, neneňsi akylsyz bir ýalňyş we bu ýalňyşyň jezasy hökmünde hem kalb, hem ruh kynçylyklaryny çekmek we ol kynçylyklar sebäpli ahlagymyzy bozmak we umytsyzlyk bilen ýaşaýşyňy geçirmek sebäpli terbiýe almak-ha beýlede dursun, belki terbiýäniň tersine gidip nä dereje zyýan çekjekdigimiz deňeşdirilip görülsin. Eger bir sagady bäş wagt parz namaza sarp etsek, onda tussaglyk we kynçylyk döwrüniň her bir sagady käwagt bir gün ybadat we pany bir sagadyň baky sagatlara öwrülip bilmegi we kalb we ruhy umytsyzlyklaryñ we kynçylyklaryň bölekleýin tamamlanmagy we tussaglyga sebäp bolan ýalňyşlyklaryň ýuwulyp bagyşlanmagy we tussaglygyň hikmeti bolan terbiýäni almagy nähili gazançly bir synag, bir ders we jepakeş ýoldaşlaryň bilen teselli beriji bir hoş söhbetdigi pikir edilsin…

Dördünji Söz’de aýdylyşy ýaly: Müň lira (Türkiýäniň pul birligi* terjimeçi.) pul utuş gazanjy üçin, müň adamyň gatnaşýan bir lotoreýa humaryna ýigrimi dört lirasyndan bäş-on lirasyny beren we ýigrimi dörtden birini ebedi bir gymmatbaha daşlar hazynasynyň biletine bermeýän…
sesi yok