Miwe Risalesi | Miwe Risalesi | 5
(1-100)
Eger biziñ bu ýurduñ Häkiminiň permany bilen getiren sowgatlarymyzy birinjiňkiniň ýerine kabul edip we terbiýenamalardaky dogalary we wirdleri okasaňyz, asylmakdan halas bolarsyňyz. Ol lotoreýa edarasynda patyşanyñ beýik yhsany hökmünde her biriňiz million altyn biledini aljakdygyñyzy edil görýän ýaly we gündiz ýaly ynanyñ. Eger ol haram we şübheli we zäherli süýjüleri iýseñiz asylmaga gitjek wagtyñyza çenli hem ol zäheriñ sanjysyny çekjekdigiñizi bu permanlar we biz birleşip size takyk habar berýäris“. Ine, bu mysal ýaly her wagt görýän ajal daragajynyñ yz ýanynda ynsanyýet takdyrynyñ lotoreýasyndan iman we tagat (ybadat) edenler üçin - gözel soñy şerti bilen - ebedi we tükenmez bir hazynanyñ biletiniñ çykjakdygyny ýüzde ýüz ähtimal bilen; azgynlyk we haram, ygtykatsyzlyk we günälerde dowam edenler – toba etmezlik şerti bilen - ebedi ölüm jezasy (ahyrýete ynanmaýanlar üçin) ýa-da hemişelik we garañky ýekelik zyndany (ruhuñ ebediligine ynanýan, emma azgynlykda gidenler üçin) we ebedi betbagtlyk yglanyny aljakdyklaryny ýüzde togsan dokuz ähtimal bilen takyk habar beren, başda ellerinde tassyk nyşanasy bolan çäksiz mugjyzalary bolan ýüz ýigrimi dört müñ pygamberler we olaryň beren habarlarynyň yzlaryny we kinoteatrdaky ýaly sudurlaryny keşb bilen, zewk bilen görüp, tassyk edip, möhür goýan yüz ýigrimi dört milliondan gowrak öwlüýäler (Kaddessallahu esrarehum) we akyl ýoly bilen takyk subutnamalar, kuwwatly deliller bilen pikir we mantyk ýoly bilen takyk şekilde subut edip we tassyk edip, möhür basan milliardlarça gelip-geçen muhakkikler (ol muhakkiklerden ýekejesi Risale-i Nurdur. Ýigrimi ýyldyr iň keçjal pelsepeçileri we dikdüşdi dinsizleri dymdyran kitaplary öňümizdedir. Her kim okap biler we hiç kim garşy çykmaz) müjtehidler we syddyklar, hemmesi mütewatir (köpler tarapyndan tassyklanan, dogrulygyna şek-şübhe bolmaýan) habar şeklinde ynsanlygyň güneşleri, aýlary, ýyldyzlary bolan bu üç uly jemagat we bu üç hakykatçy taýpa we adamzadyň mukaddes serdarlary bolan bu üç uly we beýik toparlaryň permanlarynda berýän habarlaryny diňlemeýän we ebedi bagta gidýän, olaryň görkezen ýoly bolan syrat-y müstakymda (gös-göni ýol) gitmeýänler, ýüzde togsan dokuz gorkunç howp ähtimalyny göz öňüne getirmän we ýekeje habarçynyň bir ýolda howp bar diýmegi bilen ol ýoly taşlap, başga uzyn ýolda hereket eden adam, elbetde we elbetde, ýagdaýy şuňa meňzär:
sesi yok