Miwe Risalesi | Miwe Risalesi | 6
(1-100)
Iki ýoluñ - sansyz habarçylaryñ takyk habarlary bilen - iñ gysga we añsat we ýüzde ýüz jennet we ebedi bagty gazandyranyny taşlap, iñ galmagally we uzyn we görgüli we ýüzde togsan dokuz ähtimal bilen jähennem zyndanyny we hemişelik betbagtlygy netije beren ýoluny saýlamagy; şu dünyäde iki ýoluñ, ýekeje habarçynyñ ýalan bolaýmagy-da ahmal habary bilen, ýüzde ýekeje howp ähtimaly bolan we bir aýlyk tussaglyk mümkinçiligi bolan gysga ýoly taşlap, peýdasyz, emma zyýansyz bolanlygy üçin uzyn ýoly saýlaýan betbagt serhoş diwanalar kimin gorkunç we uzakdan görünýän we oña musallat boljak aždarhalara ähmiýet bermän, diňe siñekler bilen meşgul bolýar. Diñe siñeklere ähmiýet berip, aklyny, kalbyny, ruhuny, ynsanlygyny ýitirýär.
Hakykatyñ şeýledigine görä, biz, tussaglar, bu tussaglyk kynçylygyndan arymyzy doly almak üçin, ol mübärek ikinji toparyñ sowgatlaryny kabul etmelidiris. Ýagny: bir minutlyk ar alyş lezzeti we birnäçe minutlyk ýa-da bir iki sagatlyk azgynlyk lezzetleri bilen bu bela kynçylygy bizi nähili on bäş we bäş we on we iki-üç ýyllap bu zyndana sokdy, dünýämizi bize zyndan etdi. Biz hem kynçylygyñ garşysyna we tersine bir-iki sagat tussaglyk müddetini bir-iki gün ybadata we iki-üç ýyllyk jezamyzy mübärek toparyñ sowgatlary bilen - ýigrimi-otuz ýyllyk baky ömre, on-ýigrimi ýyllyk tussaglyk jezamyzy millionlarça ýyl dowzah tussaglygyndan bagyşlanmagymyza serişde edip, pany dünýämiziň aglamagyna garşylyk baky ýaşaýşymyzy güldürip, bu kynçylyk belasyndan doly arymyzy almalydyrys. Tussaghanany terbiýehana öwürip, watanymyza we milletimize terbiýeli, ynamly, peýdaly adam bolmaga çalyşmalydyrys. We tussaghana işgärleri we müdirleri we dolandyryjylary hem jenaýatçy we garakçy we sergezdan we ganhor we azgyn we watana zyýanlydyr diýip güman edýän adamlary bir mübäräk dershanada zähmet çekýän talyplar hökmünde görsünler we guwanç bilen Allaha şükür etsinler.
sesi yok