Miwe Risalesi | Miwe Risalesi | 8
(1-100)
Eger dalalaty we azgynlygy taşlap, hakyky iman we dogrulyk ýoluna girseň, iman nury bilen görersiň: ol geçmiş zaman ýokluk we her zady çüýredýän bir mazarlyk däl, belki barlyk we gelejege öwrülen nurana bir älem we baky ruhlaryň gelejekdäki bagt köşklerine girmekleri üçin bir garaşma ýeri görünýänligi sebäpli gaýgy-gussa däl, belki imanyň kuwwatyna görä jennetiň bir dereje manewi lezzetini bu dünýäde hem datdyryşy ýaly gelejek zamany ýekelik ýeri we garaňkylyk däl, belki iman gözi bilen ebedi bagt köşklerinde soñsuz rahmeti we keremi bolan we her bahar we tomusy supra (desterhan) edip, nygmatlary bilen dolduran Rahman-y Rahim-i Züljelal-i wel-ikramyň meýlisi gurulyp we yhsanlarynyň sergileri açylypdyr, ol ýere gidişlik bar diýip iman kinoteatry bilen synlaýanlygy üçin derejesine görä baky älemiň bir dereje lezzetini duýup biler. Diýmek, hakyky we hasratsyz lezzet diňe imandadyr we iman bilen bolup biler. Imanyň bu dünýäde hem berýän müňlerçe peýda we netijelerinden ýalňyz yekeje peýda we lezzetini şu agzalan gürrüňimiz bilen baglanyşykly ‘‘Ýaşlyk Ýol Görkezijisinde’’ bir düşündiriş hökmünde ýazylandyr, ony bir mysal bilen beýan ederis. Şeýle:

Mysal üçin, seniň örän gowy görýän ýekeje çagaň ölüm düşeginde ýatan wagty we umytsyzlykda aýylganç ebedi aýralygy pikir edip oturan wagtyň Hezreti Hydyr we Lukman Hekim ýaly bir doktor gelip, bir derman içirse, ol söýgüli we gözel balañ gözüni açyp, ölüminden halas bolsa, neneňsi begenç we bagtdygyna düşünersiň. Ynha, ol çagajyk ýaly seniñ gowy görýän we çynlakaý baglanyşygyñ bolan millionlarça ynsanlaryñ ol geçmiş mazarlygynda seniň pikiriňçe çüýräp, ýok boljak bolup durka, birden iman hakykaty Lukman Hekim ýaly ol uly ölüm jezahanasy diýip wehim edilen mazarlyga kalb penjiresinden bir yşyk berdi. Onuň bilen başdan başa bütün ölüler direldiler we “Biz ölmedik we ölmeris, ýene-de siziñ bilen görüşeris” diýip, hal dili bilen aýdýandyklary üçin imanyñ bu dünýäde hem çäksiz begenç we şatlyk bermegi bilen subut edip: ”Iman hakykaty şeýle bir tohumdyr welin, eger dikelip galsa, ondan bir hususy jennet çykar, ol tohumyñ Tuba daragty bolar’’ diýdim.
sesi yok