Miwe Risalesi | Miwe Risalesi | 7
(1-100)
Üçünji mesele.

“Ýaşlyk Ýol Görkezijisinde“ beýan edilen nusgawy bir wakanyň mazmuny şeýledir: Bir wagtlar Eskişehir (Türkiýede şäher ady- terjimeçi) tussaghanasynyň penjiresinde bir Garaşsyzlyk baýramçylygynda otyrdym, tussaghananyñ garşysyndaky liseý mekdebiniň uly gyzlary onuň howlusynda gülüşip tans edýärdiler, birden manewi bir kinoteatrda elli ýyl soňky ýagdaýlary maňa göründi. Gördüm ki, ol elli-altmyş sany gyzlardan we talyplardan kyrk-ellisi gabyrda topraga öwrülip barýarlar, azap çekýärler we on sanysy ýetmiş-segsen ýaşynda betgelşik bolup, ýaşlygynda päkligini gorap saklamandygy sebäpli söýülmeklerini garaşýan bakyşlarda ýigrenç görýändiklerini takyk synladym. Olaryň ol gynançly hallaryna agladym. Tussagdaky birnäçe ýoldaşlarym aglaýandygymy eşidip geldiler, soradylar. Men: “Şu wagt meni yalňyz goýuň, gidiň“ diýdim. Hawa, görenim hakykatdyr, hyýal däldir, bu ýaz we güýzüň soñy gyş bolşy ýaly, ýaşlyk ýazy we garrylyk güýzüniň ahyry gabyr we berzah gyşydyr. Geçen zamanyň elli ýyl owalky wakalary kino üsti bilen häzirki zamanda görkezilişi ýaly, geljek zamanyň elli ýyl soňraky geljek wakalaryny görkezen bir kinoteatr bar bolsady, dalalatçy we azgynçylaryň elli-altmyş soňraky ýagdaýlary olara görkezilsedi, şu wagtky gülýändiklerine we gaýry-meşru (şerigata sygmaýan) keýplerini ýigrenmek we gamlanmak bilen aglardylar. Men ol Eskişehir tussaghanasyndaky synlamagym bilen meşgul wagtym azgynlyk we dalalaty ösdürip ýayradýan manewi şahys ynsan sypatly şeýtan ýaly bolup öňüme dikeldi we diýdi:”Biz durmuşyñ her dürli lezzetini we keýplerini datmak we datdyrmak isleýäris, biziñ işimize goşulma”. Men hem jogap berdim: “Lezzet we hezillik (keýpi-sapa) üçin ölümi ýadyňa salmazdan, dalalat we azgynlygyña topulýandygyña görä şuny takyk bilgin: seniň dalalatyň hökmi bilen bütin geçen zaman ölendir we ýokdur; we içinde jynazalary çüýrän bir ýalňyzlyk mazarlygydyr. Ynsanlyk baglanyşygy we dalalat ýoly bilen seniň başyňa, eger bar bolsa we ölmedik bolsa kalbyňa ol çäksiz pyraklardan (aýralyklardan) we ol sansyz dostlaryň ebedi ölümlerinden gelen hasratlar seniň şu wagtky serhoş ýaly örän gysga wagtlyk kiçijik lezzetiňi ýok edişi ýaly ygtykatsyzlygyň sebäpli ýene-de ýokdur we garaňky we öli we gorkunç bir ýekelik ýeridir; we aňyrdan gelen we başyny barlyga çykaryp häzirki zamana gelen biçäreleriň başlary ajal jelladynyň aýpaltasy bilen kesilip, hiçlige zyňylýandygy sebäpli dowamly akyl baglanyşygy bilen seniň imansyz başyňa çäksiz aýylganç gaýgylar ýagdyrýar. Seniň azgyn kiçijik lezzetiñi çym-pytrak edýär.
sesi yok