Miwe Risalesi | Miwe Risalesi | 9
(1-100)
Ol keçjal öwrülip şeýle diýdi: ”Hiç bolmasa haýwan ýaly ýaşaýşymyzy keýp we lezzet bilen geçirmek üçin meslik we güýmenjeler bilen bu inçe zatlary pikir etmän ýaşarys”. Jogap edip aýtdym: ''Haýwan ýaly-da bolup bilmersiñ, çünki, haýwanyñ geçmişi we geljegi ýok. Ne geçmişden gaýgylar we gynançlar çeker, ne-de geljekden aladalar we gorkular geler. Lezzetini doly alar. Rahatlyk bilen ýaşar, ýatar, Ýaradanyna şükür eder. Hatda öldürilmek üçin ýatyrylan bir haýwan hiç zat duýmaz. Diñe pyçak kesen wagty duýjak ýaly bolar, emma ol duýgy hem geçip gider, ol jepadan-da halas bolar. Diýmek, iñ uly rahmet, Ilahi şefkat (mähir, mähribanlyk) gaýyby bildirmezlikdir we başa gelenleri örtmekdir, hususan günäsiz haýwanlar hakynda has-da ajaýypdyr. Emma, eý ynsan! Seniñ geçmiş we geljegiñ akyl ýoly bilen gaýyplykdan çykmagy, gaýybyñ örtülmegi sebäpli haýwanyñ rahatlygyndan sen mahrumsyñ. Geçmişiñden çykýan gynançlar, aýylganç aýralyklar we geljekden gelýän gorkular we aladalar seniñ kiçijik lezzetiñi hiçlige düşürer. Lezzet tarapyndan haýwandan ýüz dereje aşak düşürer. Hakykatyñ şeyledigine gorä, ýa aklyňy çykar zyň, haýwan bolup dyn! Ýa-da aklyňy iman bilen başyňa al. Kurany diňle, haýwandan ýuz dereje zyýada bu pany dünýäde-de sap lezzetleri gazan!'' diýip, oña kabul etdirdim. Ýene-de ol dikdüşdi şahys öwrülip diydi: ''Hiç bolmasa daşary ýurtly dinsizler ýaly ýaşarys”. Jogap berdim: ''Daşary ýurtly dinsizler ýaly-da bolup bilmersiň! Çünki olar bir pygamberi inkär etseler, beýlekilerine ynanyp bilerler! Pygamberleri bilmese-de, Allaha ynanyp bilerler! Muña-da ynanmasalar, kemallyga sebäp käbir ýagşy häsiýetleri bolup biler! Emma bir musulman iň ahyrky we iň beýik dini we dagwaty (çakylygy, çagyryşy) umumy bolan Ahyrzaman Pygamberi Aleýhissalatu Wesselamy inkär etse we onuñ zynjyryndan çyksa, soňra hiç bir pygamberi, hat-da Allany hem kabul etmez! Çünki bütün pygamberleri we Allany we kämilligi Onuň bilen tanandyr! Olar Onsuz kalbynda galmaz! Şu sebäpli owaldan bäri her dinden Yslama girýärler. Hiç bir musulman hakyky Ýehudy ýa-da Mejusy (günparaz, otparaz) ýa-da Nasrany (hristian) bolmaz, belki dinsiz bolar! Yagşy häsiýetleri bozular, watana, millete zyýanly bolar'' diýip subut etdim.

Ol keçjal dikdüşdi kişiniň başga gazanjak zady galmady, gaýyp boldy, dowzaha gitdi!
Ynha, eý bu Ýusup (a.s.) Medresesinde meniň ders ýoldaşlarym, hakykatyň şeýledigine görä, bu hakykaty Risale-i Nur şeýle bir kesgin we güneş ýaly aýdyñ subut edipdir welin, ýigrimi ýyldan bäri kesirleriň keçjallygyny döwüp, imana getirýär.
sesi yok