Miwe Risalesi | Miwe Risalesi | 12
(1-100)
Birinji soraga jogap: Hawa, bu dünýä söweşinden has uly bir hadysa we bu ýer ýüzündäki umumy häkimiýet dawasyndan has ähmiýetli bir dawa her kimiň we aýratyn-da musulmanlaryň başyna şeýle bir hadysa we şeýle bir dawa açypdyr welin, her bir adam, eger german we iňlisler döwleti ýaly kuwwaty we baýlygy bolsady we akly-da bar bolsady, ol ýekeje bir dawany ýeňmek üçin ikirjeňlenmän ony sarp ederdi. Ine, ol dawa bolsa ýüz müň meşhur ynsanlaryň we çäksiz ynsanlygyň ýyldyzlary we mürşidleriniň birleşip älemiň Eýesiniň we Dolandyryjysynyň müňlerçe wada we ähtlerine daýanyp, habar berdikleri we bir kysmy gözleri bilen görenleri şudur: her kimiň iman garşylygynda bu ýerýüzi ýaly baglar we köşkler bilen zynatly we baky we dowamly bir ekinler we mülki gazanmak ýa ýitirmek dawasy başlanypdyr! Eger iman şahadatnamasyny berk gazanmasaň ýeňiljek (utuljak) we şu asyrda materializm gyrgyny (keseli) bilen köpler ol dawasynda utulýar! Hatda bir ehli-keşf we tahkik bir ýerde kyrk wepatdan diňe bir-iki-üç sanysynyň utuş gazanandygyny sekeratda (manewi serhoşlyk, özüñden geçmeklik) synlapdyr, beýlekiler utulypdyr. Eýsem, şu utduran işiniň (dawasynyň) ýerini bütün dünýä soltanaty şol adama berilse-de, onuň ýerini tutup bilermi?
Ynha, şol işi gazandyrjak hyzmatlary we ýüzde togsanyna ol işi utdurmaýan ajaýyp bir iş wekilini ol işde ulanan wezipeleri taşlap, dünýäde ebedi galjak ýaly manysyz boş işler bilen meşgul bolmagyň akylsyzlykdygyny bilýänligimiz sebäpli, biz, Risale-i Nur Şägirtleri her birimiziň ýüz esse aklymyz zyýada bolsa-da, diňe şu wezipe üçin sarp etmek gerekdigine göz ýetirdik.
Eý, tussaglyk belasynda meniň täze doganlarym! Siz meniň bilen gelen köne doganlarym ýaly Risale-i Nury entek okamansyňyz! Men olary we olar ýaly müňlerçe şägirtleri şaýat görkezip aýdýaryn we subut edýärin we subut edipdim hem! Ol uly dawany ýüzde togsanyna ýeňdiren we ýigrimi ýylda ýigrimi müň adama ol dawanyň ýeňişiniň şahadatnamasy we güwänamasy we kepilnamasy bolan hakyky imany ellerine beren we Kuran-y Häkimiň manewi mugjyzasyndan döräp çykan we şu zamananyň birinji iş (dawa) wekili bolan Risale-i Nurdur. Şu on sekiz ýyldan bäri meniň duşmanlarym we dinsizler we materialistler garşyma örän wagşyýana hileleri bilen hökümetiň käbir şahyslaryny aldap, bizi ýok etmek üçin şu gezekki ýaly, öňler hem tussaglara, zyndanlara salsalar-da, Risale-i Nuruň polat galasynda bir ýüz otuz bölek risalelerinden diňe iki-üç bölegine aslyşyp, bahana tapyp bilipdirler. Diýmek, aklawjy tutmak isleýän ony edinse ýeterlidir.
Hem-de gorkmaň, Risale-i Nur gadagan bolmaz. Respublika hökümetiniň deputatlary we ýokary wezipeli şahyslaryň ellerinde möhüm risaleler (ýazgylar) iki-üç sanysyndan galanlary erkin aýlanýarlar. Inşallah, bir wagt geler, tussaghanany düzedişhana etmek üçin bagtyýar müdirler we işgärler ol nurlary tussaglara çörek we derman ýaly gowşurjakdyrlar.
sesi yok