Miwe Risalesi | Miwe Risalesi | 13
(1-100)
Bäşinji mesele.

“Ýaşlyk Ýol Görkezijisinde” beýan edilişi ýaly: ýaşlyk hiç şübhesiz gitjekdir. Tomus güýze we gyşa ýer berişi we gündiz agşama we günüň öwrülişi ýaly takyklykda ýaşlyk hem garrylyga we ölüme öwrüljekdir. Eger ol pany we wagtlaýyn ýaşlygyny päklik bilen haýyr işlere - dogry ýolda - sarp etse, munuň bilen ebedi baky ýaşlygy gazanjakdygyny bütin semawy (asmandan inen) permanlar bilen buşlaýarlar. Eger azgynlyga sarp etse, bir minutlyk gahar sebäpli bir adam öldürmek millionlarça minut tussaglyk jezasyny çekdirişi ýaly gaýry-meşru ýoldaky ýaşlyk keýpleri we lezzetleri ahyrýet jogapkärçiliginden we gabyr azabyndan we ol keýp-lezzetleriň tamamlanmagy sebäpli gynançlardan we günälerden we dünýewi jezalardan başga-da şol bir lezzetiň içinde ol lezzetden has köp hasratlaryň bardygyny akly başynda bolan her bir ýaş adam tejribe bilen tassyklar! Mysal üçin: haram söýmekde bir gabanmak hasraty we aýralyk hasraty we garşylyk görmezlik hasraty ýaly köp päsgelçilikler bilen ol kiçijik lezzet zäherli bal ýaly bolar; we ol ýaşlygyň erbet yere ulanylmagy bilen gelýän keseller bilen hassahanalara we hetdenaşalyklary bilen tussaghanalara kalp we ruhuň iýmitsizlik we işsizliginden dörän kynçylyklary bilen meýhanalara, azgynlykhanalara ýa-da mazarlyga gaçjakdyklaryny bilmek isleseň git hassahanalardan we tussaghanalardan we meýhanalardan we gabrystandan sora! Elbetde, esasan-da ýaşlaryň ýaşlyklaryny ýalňyş ýere ulanmaklary sebäpli we hetdenaşalyklary sebäpli we şerigata sygmaýan keýpleriniň jezasy hökmünde gelýän şarpyklar sebäpli eý-waýlar we aglamalar we puşmanlyklar eşidersiň! Eger dogry ýolda gitse, ýaşlyk örän şirin we gözel Ilahi nygmatdyr we datly we kuwwatly bir haýyr işlere serişde bolup, ahyrýetde örän parlak we baky bir ýaşlygy netije berjekdigini başda Kuran köp takyk aýatlary bilen bütün semawy kitaplar we permanlar habar berip buşlaýarlar!
Hakykatyň şeýledigine we halallyk meydany keýpe ýeterlidigine we haramlyk meýdanyndaky bir sagat lezzet käwagt bir ýyl we on ýyl tussaglyk jezasyny çekdirýändigine görä, elbetde, ýaşlyk nygmatyna şükür hökmünde ol datly nygmaty päklikde, dogrulykda (dogry ýolda, ugurda) sarp etmek gerek we zerurdyr.
sesi yok