Miwe Risalesi | Miwe Risalesi | 14
(1-100)
Altynjy mesele.

Risale-i Nuruň köp ýerlerinde beýany we takyk çäksiz delilleri bar bolan iman-y billah (Allaha iman) sütüniniň müňlerçe külli subutnamalaryndan ýekeje subutnama gysgaça görkezgiçdir...
Kastamonu’da (Türkiýede bir şäher * terjimeçi.) liseý talyplaryndan bir bölegi ýanyma geldiler! “Bize Ýaradanymyzy tanatdyr. Mugallymlarymyz Alla barada gürrüň bermeýärler” diýdiler.
Men aýtdym: “Siziň öwrenýän bilimleriňizden her bir bilim özüne mahsus dili bilen hemişe Alla hakda gürrüň edip, Halyky tanatdyrýarlar. Mugallymlary däl, olary diňläň!”
Mysal üçin: Kämil bir dermanhanadaky her gapdaky ajaýyp we duýgur ölçegler bilen alynan janly derman we däriler şübhesiz, örän ussat we himiýäçy we häkim (hikmetli, ylymly) bir dermanhanaçyny görkezişi ýaly, şeýle-de ýer togalagynyň dermanhanasynda bar bolan dört ýüz müň görnüşli ösümlik we haýwan gaplaryndaky janly derman we därileriň bolmagy, bu bazardaky dermanhanadan nä dereje zyýada kämil we beýik bolmagy derejesinde - siziň okaýan lukmançylyk bilimiňiz ölçegi bilen - ýer togalagynyň beýik dermanhanasynyň dermançysy (derman ýasaýjysy) bolan Häkim-i Züljemal’y hatda kör gözlere-de görkezer, tanatdyrar. Hem mysal üçin: Müňlerçe dürli-dürli matalary sada bir maddadan dokaýan ajaýyp fabrika şeksiz, bir fabrikaçyny we ussat bir mehanigi tanatdyryşy ýaly, şonuň ýaly-da, ýer togalagy diýlip atlandyrylýan ýüz müňlerçe başly, her başynda ýüz müňlerçe fabrika bolan bu hereket eden Rabbani enjam nä dereje bu ynsan fabrikasyndan uly, kämil bolsa, şol derejede - siziň okaýan mehanika bilimi ölçegi bilen - ýer togalagynyň ussasyny we eýesini bildirýär we tanatdyrýar. Hem mysal üçin: örän kämil, müňbir görnüşli azyk maddalaryny daş-töwereginden alyp, içinde nyzamly görnüşde goýulan we taýýar edilen ambar we iýmit ambary we dükan şeksiz, bir üstün iýmit we azyk hojaýynyny we eýesini we işgärini bildirişi ýaly, bir ýylda ýigrimi dört müň ýyllyk bir tegelekde düzgün-nyzamly syýahat edýän we ýüz müňläp we aýry-aýry azyk isleýän taýpalary içine alan we syýahaty bilen möwsümlere (pasyllara) baryp, bahary bir uly wagon ýaly müňläp aýry-aýry tagamlar bilen dolduryp, gyşda azygy gutaran biçäre janlylara getiren we ýer togalagy diýlip atlandyrylýan şu Rahmani iýmit ambary
sesi yok