Miwe Risalesi | Miwe Risalesi | 11
(1-100)
Dördünji mesele.

Ýene-de “Yaşlyk Ýol Görkezijisinde” beýan edilişi ýaly, bir wagtlar maňa hyzmat eden gardaşlarym tarapyndan sowal edildi: “Ýer togalagyny herç-merç eden we Yslam gelejegi bilen baglanyşykly bolan bu gorkunç Umumy Dünýä Söweşinden elli günden bäri (şu wagt ýedi ýyldan gowrak boldy, şol bir ýagday -bu bellik 1946-njy ýyla degişli) hiç zat soramaýarsyň we gyzyklanmayarsyň? Emma birnäçe dindar we alym adamlar, jemagaty we metjidi taşlap, radio diňlemäge ylgaşýarlar. Eýsem mundan has uly waka barmyka? Ýa-da munuň bilen meşgullanmagyň zyýany barmyka?'' diýdiler.
Jogap hökmünde aýtdym: ''Ömür sermaýasy örän azdyr. Möhüm işler çendenaşa köpdür. Bir-biriniñ içine giren halkalar ýaly her bir ynsanyň kalp we aşgazan halkasyndan we beden we öý halkasyndan, etrapça we şäher halkasyndan we watan we ýurt halkasyndan we ýer togalagy we adamzat halkasyndan başlap, tä janlylar we dünýä halkasyna çenli bir-biri içinde halkalar bar! Her bir halkada her bir adamyň bir wezipesi bolup biler! Emma iň kiçi halkada iň beýik we ähmiýetli we dowamly wezipesi bar; we iň beýik halkada iň kiçi we wagtlaýyn käwagtlar wezipesi bolup biler. Bu deňeşdirme bilen (kiçilik we ululyk ters proporsiýonal) wezipeler (işler) bolup biler! Emma uly halkanyñ özüneçekijiligi sebäpli kiçi halkadaky gerekli we ähmiýetli hyzmaty taşlap, gereksiz we manysyz we boş işler bilen meşgul eder! Ömür sermaýasyny boş ýerde ýok eder! Ol gymmatly ömrüni gymmatsyz (bahasyz) zatlarda öldürer; we käwagt bu uruş tutluşyklaryny gyzyklanma bilen yzarlaýan adam bir tarapa kalbynda tarapdar bolar, onuň zulumlaryny hoş görer, zulmuna şärik bolar.
sesi yok