Miwe Risalesi | Miwe Risalesi | 3
(1-100)
Emma dünýewi lotoreýada ol müň lirany utmak ähtimaly müňden birdir. Çünki ýene müň sany paýdar bar we uhrewi (ahyrýete degişli) ynsanlyk takdyrynyň lotoreýasynda gözel soňa duş boljak imanlylar üçin utuş ähtimaly müňden dokuz ýüz togsan dokuzdygyny - ýüz ýigrimi dört müň enbiýanyň (pygamberleriñ) oňa degişli habarlaryny synlamak (keşb) bilen tassyk eden öwlüýäden we asfiýadan (sap, takwa, kämil adamlar) heddi-hasaby ýok sadyk habarçylar habar berendiklerine garamazdan birinji lotoreýa ylgamak, ikinjisinden gaçmak neneňsi maksada garşydygy deňeşdirilip görülsin. Bu meselede tussaghana müdirleri we goragçylary we belki ýurduň dolandyryş işgärleri we asudalygy goraýjylar Risale-i Nuryň bu dersinden hoşal bolmagy gerekdir. Çünki müň sany dindar we dowzah tussaglygyny (zyndanyny) hemişe ýadyna salyp duran adamlaryň dolandyrylmagy we tertip-düzgüni, on sany namazsyz we ynançsyz, diňe dünýewi zyndany (tussaglygy) pikir edýän we haram-halaly bilmeýän we belli bir derejede ykmandalyga öwrenişen adamlardan has aňsatdygy köp tejribeler bilen görülendir.
sesi yok