Hassalar Hakda Risale | IKINJI LEMA | 10
(1-11)

NUR RISALELERiniS YŞKYnA DÜŞEn

WE OLARY OKAP, HAKYKATY TAnAN

BIR DOKTORA YAZYLAn HAT

Hoş geldin, ey öz hassalygyna dog- ry çözgüt beren bagtyyar doktor, yürek- deş we eziz dostum!

Senin yazan joşgunly hatyndaky ru- hy oyanyşyn gutlamaga layykdyr.

Unutman! Ähli yaradylan zatlaryn içinde in gymmatlysy dirilikdir, wezi- peleriiı içinde hem in gymmatlysy ya- şayyş üçin hyzmatdyr, yaşayyşdaky hyzmatlar içinde in gymmatlysy, pany ömrün baky ömre öwrülmesi üçin gay- rat etmekdir.

Şu durmuşyn bar gymmaty we äh- miyeti bolsa, baky yaşayşyn köki we başlangyjy bolmagydyr.

Yogsam, ebedi yaşayşy zäherläp, bozjak şekilde, dine şu pany ömür üçin yaşamak, bir sekuntlyk yyldyrym çak- masyny, nury sonsuz bolan güneşden üstün tutmak kimin diwanalykdyr.

Hakykat nazarynda, maddy we ga- pyl doktorlar her kesden zyyada hassa- dyrlar. Eger olar Kuranyn Mukaddes dermanhanasyndan melhem hökmünde bolan iman dermanlaryny alyp bilseler, öz hassalyklaryny we beyleki ynsanla- ryn yaralaryny bejererler. Inşallah, se- nin şu oyanyşyn öz yarana melhem bol- şy yaly, seni hem beyleki doktorlaryn kesellerine melhem eder. Kähalatda umytsyz bir hassa magnawy teselli ber- mek, mün dermandanam şypaly bol- yandygyny bilyänsiniz. Tebigat batga- lygynda boglan bir tebip bolsa, ol biçä- re hassanyn ynjyly umytsyzlygyna ye- ne bir zulmaty gatar. Inşallah, bu oya- nyşyn, şular yaly biçärelere teselli ber- mäge sebäpkär we nurly bir tebip eder. Ömriih gysgadygy safıa mälimdir. Zerur işler bolsa, örän köpdür. Sen hem menin yaly kelländäkileri elekden geçirsen, maglumatlaryn içinde nä de- reje gereksiz, peydasyz, ähmiyetsiz odun yygyndylary yaly ruhsuz zatlary görersin. Çünki men elekden geçirdim, köp gereksiz zatlary tapdym. Şonun üçin hem, takyk ylymlaryn we filosofi- yanyn beryän maglumatlaryny peydaly, nurly, ruhly etmegin çäresini gözlemek gerekdir. Sen hem Jenab-y Hakdan seni oyar-magyny isle welin, pikirini Haki- mi Züljelala tarap öwürsin. Ol odunlara ot berip, nurlandyrsyn, ol takyk ylym- lar, Allahy tanamakdaky gymmatly ylym hökmüne geçsin.

sesi yok