Hassalar Hakda Risale | YIGRIMI BÄŞINJI LEMA | 19
(1-19)

ÝIGRIMI BÄŞINJI MELHEM.

Eý, hassa doganlar!

Siz örän peýdaly, her derde dowa hem lezzeti hakyky bolan mukaddes bir melhem isleýän bolsañyz, imanyñyzy kuwwatlandyryñ. Ýagny namaz okamak, toba etmek bilen ol mukaddes melhem hökmünde bolan imany we ol imandan dörän melhemi ulanyñ.

Hawa, gapyl adamlaryñ dünýäni söýüp, oña baglanmalary sebäpli, göýä dünýä ýaly uly magnawy hassa bedeni bardyr. Iman bolsa, ol dünýä kimin aýralyk urgularyndan ýaralanan magnawy bedene birden şypa berip, ony ýaralardan halas edýändigini, hakyky şypa berýändigini köp risalelerde anyk subut edipdik.

Başyñyzy agyrtmazlyk üçin gysgaldýaryn.

Iman dermany, mümkin boldugyça parzlary ýerine ýetirmek bilen täsirini görkezer. Gaflat we günäler, nebsiñ höwesleri, haram lezzetler ol melhemiñ täsirini ýok eder. Diýmek, hassalyk gaflaty aýyrýar, işdäni kesýär, haram keýpleri etmäge ýol bermeýär. Siz ondan peýdalanyñ. Ýalbaryp doga etmek, toba etmek bilen ol hakyky imanyñ mukaddes melhemlerinden, nurlaryndan peýdalanyñ.

Jenab-y Hak size şypa bersin. Hassalyklaryñyzy keffaretüz-zünüb etsin. Ämin, ämin, ämin! 




                

sesi yok