Hassalar Hakda Risale | YIGRIMI BÄŞINJI LEMA | 18
(1-19)

ÝIGRIMI ÜÇÜNJI MELHEM.

Eý, ýalñyzlykda galan biçäre, garyp hassa!

Seniñ hassalygyñ bilen birlikde ýalñyzlygyñ we garyplygyñ iñ gaty kalplary-da ýumşadyp, merhemetli nazarlary saña çekse, onda Kuranyñ bütin süreleriniñ başlarynda «Rahmanür- Rahym» sypaty bilen bize özüni tanatdyran, merhemetinden bütin enelere berlen merhemetlilik ýalkymy bilen ahli çagalary terbiýeletdiren, her bahar paslynda bölejik rahmeti bilen zeminiñ yüzüni nygmatlary bilen dolduran we bütin gözellikleri bilen Rahmetiniñ bir bölejigi bolan ebedi Jennet eýesi Halyk-y Rahymyna (Rehimdar Ýaradyjy) iman edip baglansañ we Ony tanap, hassalygyñ ejizlik dili bilen ýalbarsañ, seniñ bu garyplykdaky yalñyzlyk hassalygyñ her zatdan zyýada Onuñ rahmet nazaryny saña çekmezmi?!

Elbetde, Ol bar, saña bakýar, seniñ üçin her zat bardyr. Aslynda, iman etmän we boýun egmän, Oña baglanmaýanlar we baglanmaklyga-da ähmiýet bermeýänler garyp we ýalñyzdyrlar.

ÝIGRIMI DÖRDÜNJI MELHEM.

Eý, hassa çagalara we bigünä çagalar hökmünde bolan garrylara hyzmat edýänler!

Siziñ öñüñizde möhüm bir ahyret söwdasy bar. Höwes bilen we gaýrat edip ol söwdany gazanyñ.

Bigünä çagalaryñ hassalanmagy,

ol näzik bedenler üçin türgenleşik we berhiz, şeýle hem, gelejekde dünýäniñ gowgalaryna döz gelip bilmeleri üçin sanjym, Rabbany bir terbiýedir. Şeýle hem, çaganyñ dünýä ýaşaýşyna degişli köp hikmetlerinden başga-da ruhy ýaşaýşyna we arassa ýaşamaklygyna sebäp boljak ululardaky keffaretüz- zünub7 ýerinedir. Geljekde magnawy taýdan we ahyretde magnawy ösüşine sebäp bolan sanjymlar görnüşindäki ol hassalykdan gelýän sogap bolsa, ene- atalaryñ amal depderlerine geçer. Esasanam, merhemetlilik syry bilen öz saglygyny çagasynyñ saglygy üçin pida eden enäniñ haýyr depderine geçýändigi, Ähli hakykat alymlary tarapyndan subut edilendir.

Garrylara hyzmat etmek bolsa,

uly sogap gazanmak bilen birlikde, ol garrylaryñ (esasanam, ene-ata bolsa) dogalaryny almak we köñüllerini hoşal etmek, olara wepaly hyzmat etmek bu dünyädäki bagtyýarlyga hem Ahyretdäki bagtyýarlyga sebäp bolýandygy, hakyky bolan taryhy wakalar bilen subut edilendir. Garry ene-atasyna doly tabyn bolan bagtyýar bir perzent, öz perzendinden hem şol hyzmaty görer.

Betbagt perzent bolsa, ene-atasyny ynjytsa, ahyret azabyndan başga, bu dünýäde hem köp heläkçilikleriñ üsti bilen jezasyny görýändigi köp wakalar bilen subut edilendir.

Hawa, ähli iman diñe garyndaşlaryna hyzmat etmek bilen çäklenmän, (şeyle-de, imanda hakyky doganlyk bar) garrylara, bigünälere duş gelse, esasanam, hormatly garry hassa oña mätäç bolsa, ruhy-jany bilen hyzmat etmek Yslamyýetiñ talabydyr.

sesi yok