Hassalar Hakda Risale | YIGRIMI BÄŞINJI LEMA | 15
(1-19)

ON DOKUZYNJY MELHEM.

«Esmaül-Hüsnada»
(Allahyñ gözel atlarynda) Samadaniýeniñ1 görünmesi bilen, Jemil-i Züljelalyñ bütin atlarynyñ gözeldiklerini görkezýär. Barlyklaryñ arasynda iñ näzikligi, iñ gözelligi özünde jemläp görkezýän Samediýet aýnasy-da dirilikdir. Gözeliñ aýnasy hem gözeldir. Gözeliñ gozelliklerini görkezýän aýna hem gözelleşer. Ol gözelden aýnanyñ başyna näme gelse, gözel bolşy ýaly, hakykat nukdaýnazarynda-da diriligiñ başyna näme gelse gözeldir. Çünki olar gözel bolan «Esmaül Hüsnanyñ» gözel nagyşlaryny görkezýärler.

Ýaşaýyş hemişe sag-salamatlykda üýtgemän dowam edip gitse, nogsanly bir aýna bolar. Hatda, ol bir jähetden ýoklugy we hiçligi bildirip darykdyrar, ömrüñ gymmatyny pese düşürer, lezzetini gama öwrer. Şonuñ üçin: «wagtymy çaltrak geçireýin» diýip iç gysmadan ýaña, azgynçylyga ýa-da boş güýmenjelere başlar. Tussagdaky ýaly gymmatly ömrüne duşmançylyk edip, wagtyny tiz öldürip geçirmek islär.

Emma mydama öwrülişikde, hereketde we dürli görnüşlerde aýlanyp duran ýaşaýyş bolsa, ömrüñ gadyr-gymmatyny duýdurar, ähmiýetini we lezzetini bildirer. Muşakgatly we musybatly bolsa-da ömrüniñ çalt geçmegini islemez. «Gün yaşmady-ow, gijäniñ soñy gelmedi-ow» diýip iç gysmasyndan «Uwf! Uwf!» edip ahmyr etmez. Hawa, hemme zady üpjün, edere iş tapman aýlanyp ýören baý birinden: «Halyñ niçik?» diýip sorasañ, elbetde, ondan: «Wagtym hiç geçenok, gel şeşe-peş oýnaly ýa-da wagt geçirmek üçin bir güýmenje tapaly» diýip zeýrener, ýa-da doýmaýan isleglerden dörän: «Pylan zadym kem, käşgä şoña-da ýetsedim» diýen ýaly şikaýatlary eşitjeksiñ.

Eger sen, kynçylyga uçran ýa-da muşakgatly işçi garyp adamdan: «Halyñ niçik?» diýip sorasañ, onuñ akyly başynda bolsa: «Hudaýa şükür, işleýärin. Wagt çalt geçýär. Käşgä gün tiz ýaşmasa, şu işimi bitirsemdim! Ömür durmaýar gidýär. Gün-güzeran ugrunda gara zähmet çekip ýörün. Ýöne bu-da geçer. Her zat şeýle çalt geçýär» diýip, ömrüñ magnawy taýdan nähili gymmatlydygyny we geçip gidýändigine gynanjyny bildirer.

Diýmek, muşakgatlaryñ we işlemekligiñ üsti bilen ömrüñ lezzetini, ýaşaýşyñ gymmatyny bilýär. Rahatlyk we sag-salamatlyk bolsa, ömri ajylaşdyryp, geçip gitmegini arzuw etdirýär.

--------------------------------
1 her zat ona mätäç bolup hiç zada mätäç bolmadyk.

sesi yok