Hassalar Hakda Risale | YIGRIMI BÄŞINJI LEMA | 14
(1-19)

ON SEKIZINJI MELHEM.

Eý, şüküri taşlap, şikaýata başlan hassa!

Hakyñ bar bolsa şikaýat ediler. Sen hakyñ ýok halyna nädip şikaýat edip bilýärsiñ?! Aslynda, seniñ borjuñ bolan şükürleri ýerine ýetirmän, Jenab-y Hakyñ hakyny ödemän, haksyz bolup, hak isleýän ýaly Ondan şikaýat edýärsiñ.

Sen özüñden sagat bolanlara bakyp, hassalygyñdan şikaýat edip bilmersiñ. Aslynda, sen özüñden has agyr haldaky biçäre hassalara seredip, şükür etmek bilen wezipelisiñ. Seniñ eliñ döwlen bolsa, kesilen ellere bak! Bir gözüñ kör bolsa, iki gözi körlere bak! Allaha şükür et!

Hawa, Allahyñ beren nygmatlarynda, özüñden ýokardakylara bakyp, şikaýat etmäge hiç kimiñ haky ýokdur. Musybata uçuranyñda bolsa, şükür etmek üçin özüñden has agyr haldakylara seretmelidir. Munuñ syry birnäçe risalelerde bir mysal arkaly beýan edilendir. Ol mysalyñ gysgaça mazmuny şudur:

Bir kişi, bir biçäräni minaranyñ ýokarsyna çykarýar. Minaranyñ her basgançagynda oña dürli-dürli yhsanlar edip, sowgat berýär. Minaranyñ ýokarysynda bolsa, oña iñ gymmatly sowgadyny berýär. Ol kişi dürli sowgatlara derek ondan şükür we minnetdarlyk islän halynda, ol binamys adam basgançaklarda berlen bütin sowgatlary unudyp ýa-da hiç zat hökmünde görüp, şükür etmän, ýokary bakyp: «Käşgä bu minara has beýik bolsady, hasam ýokaryk çyksadym! Näme üçin bu minara o dag ýaly ýa-da beýleki minara ýaly beýik däl?» diýip şikaýata başlasa, nä dereje nygmatlara hormatsyzlyk we haksyzlyk bolar!

Şeýle hem, ynsan ýokdan bar bolup, daş bolman, agaç bolman, haýwan bolman, ynsan bolup hem musulman bolup, köp wagtlap sag-salamatlykda gezip, nygmatlaryñ iñ beýik derejesine eýe bolsa-da, käbir ýalñyşlyklary sebäpli ýa-da göternip bilmän, öz ýaramaz ygtyýary bilen salamatlygy erbetliklere ulanandygy sebäpli, sag-salamatlyk nygmatyny elden giderendigi üçin şikaýat we sabyrsyzlyk edip: «Wah-eý, näme etdimkäm, bu belalar başyma geler ýaly?» diýip, Allahyñ Rububiýetini tankyt etmek, bu maddy hassalykdan has beter belaly magnawy hassalykdyr. Şikaýat etmeklik döwlen el bilen uruşmaklyk ýaly hassalygyñy artdyrar. Akylly kişi;

syry bilen hassalyk wezipesini bitirip gidýänçä razy bolup, sabyr etsin.

sesi yok