Hassalar Hakda Risale | YIGRIMI BÄŞINJI LEMA | 11
(1-19)



ON BÄŞINJI MELHEM.

Eý, dady-perýat eden hassa!

Hassalygyñ suratyna bakyp «Ah!» çekme, manysyna seret «Bäh!» diý. Eger hassalygyñ manysy gowy bolmasady, Halyk-y Rahym iñ söýgüli gullaryna hassalyklary bermezdi. Çünki

ýagny «Iñ köp belalara we muşakgatlara uçranlar ynsanlaryñ iñ ýagşysy hem iñ kämilleridirler» diýen hadys bar. Başda Eýýub Aleýhissalam, pygamberler, soñra weliler we soñra salyh ähilleri hassalyklaryna halys bir ybadat, Rahmanyñ bir sowgady nazary bilen bakypdyrlar, sabyr etmek bilen şükür edipdirler. Halyky Rahymyñ rahmetinden gelen bejeriş operasiýasy hökmünde görüpdirler.

Eý, ahy-zar çeken hassa! Bu kämil ynsanlar ýaly nurany topara goşulmak isleseñ, sabyr we şükür et. Ýogsam, şikaýat etseñ, olar seni toparlaryna almazlar. Gapyllar ähliniñ çukuryna düşersiñ. Zulmatly, garañky ýolda gitmeli bolarsyñ.

Hawa, hassalyklaryñ şeýle bir görnüşi bardyr welin, eger ol, ölüm bilen netijelense, magnawy şehit hökmünde, şehitlik ýaly bir welilik derejesine sebäp bolar. Meselem, çaga dogurmakdan[1] we garyn sanjysyndan, mergi kesellerinden, ýanmak ýaly hassalyklar sebäpli wepat bolanlar magnawy şehit bolýarlar. Şular ýaly köp mübärek hassalyklar bardyr welin, welilik derejesini ölüm bilen gazandyrarlar. Şeyle hem, hassalyk dünýä bolan yşkdan saplanmagy we baglanşygy kesmegi ýeñilleşdirýändigi sebäpli, ähli dünýä üçin ölüm sebäpli aýrylmagyndan ýüze çykýan örän ynjydyjy we ajy aýralygy ýeñilleşdirer, käte söýdürer.


----------------------------------------

1. Bu hassalygyñ manewi şehadeti gazandyrmagy, lohusa wagty bolan kyrk güne çenlidir.

sesi yok