Hassalar Hakda Risale | YIGRIMI BÄŞINJI LEMA | 13
(1-19)

Aýratynam, hassa garyndaşyndan bolsa, esasanam, eneñ-atañ bolsa, olara hyzmat etmek möhüm bir ybadatdyr, uly sogapdyr. Hassalaryñ kalbyny hoşnut etmek, teselli bermek möhüm bir sadaka hökmüne geçer.

Ata-enesi hassa wagtlarynda olaryñ ynjyk göwünlerini göterip, haýyr dogalaryny gazanan perzent iñ bagtyýardyr.

Hawa, jemgyýetçilik ýaşaýşynda iñ hormatly bir hakykat bolan ene-atasynyñ mähir-şepagatlaryna jogap edip, hassa wagtlarynda öz perzentlik mähri, kämil hormaty bilen garşylygyny gaýtaryp beren ol ýagşy perzendiñ halyna we ynsanyýetiñ belentligini görkezýän wepadarlyk nusgasyna perişdeler hem «Maşallah, Berekellah» diýip alkyşlaýarlar.

Hawa, hassalyk wagtynda hassanyñ elemini puja çykarjak onuñ etrapynda örän hoş we rahatlandyryjy mähirlerden we gynanyp merhemet etmekden ýüze çykýan lezzetler bar.

Hassanyñ dogasynyñ kabul bolmagy, ähmiýetli bir meseledir. Men otuz-kyrk ýyldan bäri arka guruşma hassalygymyñ aýrylyp gitmegi üçin doga ederdim. Hassalygyñ dileg-doga etmegimiz üçin berlendigine düşündim. Doga bilen dogany, ýagny doga öz-özüni aýryp bilmeýändigi üçin doganyñ netijesiniñ ahyrýete[1][1]degişlidigine we onuñ özüniñ-de ybadatyñ bir görnüşidigine göz ýetirdim. Hassalyk bilen ejizligini añlap, Allahyñ huzuryna sygynar. Şonuñ üçin, otuz ýyldan bäri şypa dogasyny edenimde, ol dogam kabul bolmadyk ýaly görünse-de, ony terk etmek kalbyma-da gelmedi. Çünki hassalyk doganyñ wagtydyr. Şypa ol doganyñ netijesi däldir. Has dogrusy, Jenab-y Hakim-i Rahym şypa berse, öz fazly kereminden berer. Şeýle hem, eden dogalarymyz isleýşimiz ýaly kabul bolmasa: «Dogamyz kabul bolmady» diýilmeli däl. Çünki Halyk-y Hakim bize nämäniñ haýyrlydygyny örän gowy bilýär. Şonuñ üçin hem, bize näme peýdaly bolsa, şony berýär.

Kämahal dünýämize degişli dogalarymyzy, biziñ bähbidimiz üçin ahyretimize goýar we şeýle kabul eder. Näme-de bolsa hassalyk syry bilen päklik gazanan, esasanam, kuwwatsyzlykdan, ejizlikden we mätäçlikden ýüze çykan doga kabul bolmaga has ýakyndyr. Hassalyk doganyñ yhlas bilen edilmegine sebäp bolýandyr. Dindar bolan hassa we ol hassalara hyzmat edýän müminler-de şol dogadan peýdalanmalydyrlar.



[1][1]Hawa. kabir hassalyk doga edilmegine sebäp bolyar Eger doga hassalygyñ aýrylmagyna sebäp bolsa. onda ol doga öz-özüniñ ýok bolmagyna sebäp bolar. Bu-da bolup bilmez              

        

sesi yok