Hassalar Hakda Risale | YIGRIMI BÄŞINJI LEMA | 12
(1-19)

ON ALTYNJY MELHEM.

Eý, kynçylykdan şikaýat eden hassa!

Hassalyk, ynsanyñ jemgyýetçilik ýaşaýşynda iñ möhüm we örän gözel bolan hormaty, merhemeti ornaşdyrar. Çünki ynsany wagşylyga we rehimsizlige iterýän ulumsylykdan halas eder.

Çünki 

syry bilen saglyk-salamatlykdan ýüze çykan tekepbirlik edýän erbetlikleri emir ediji nebis hormata laýyk bolan dostlara hormaty duýmaz. Merhemet we şepagat etmäge laýyk bolan, musybata we hassalyga uçranlara rehimdarlyk duýgusy bolmaz.

Näwagt hassalansa, öz ejizligini we misginligini añlar, hormata laýyk bolan doganlaryna hormat eder. Halyny soramaga gelen ýa-da ýardam eden mümin doganlaryna garşy hormaty oýanar. Ýuka ýüreklilikden dörän ynsanyñ mähri we Yslamýetiñ möhüm bir ahlagy bolan musybata uçranlara garşy merhemeti duýup, olary özi ýaly görüp, olara doly manysynda gynanar, merhemet eder, elinden gelse, kömek eder. Hiç bolmanda doga eder, şerigatda hassanyñ halyny soramaklyk sünnet bolýandygy üçin ýanyna gider, sogap gazanar.

ON ÝEDINJI MELHEM.

Eý, hassa bolandygy üçin haýyr-sogaplar edip bilmediginden şikaýat edýän hassa!

Şükür et, saña iñ päk haýyrlaryñ gapysyny açan seniñ hassalygyñdyr. Hassalyk syrkawa we Allah razylygy üçin hassa seredýänlere dowamly sogap gazandyrmak bilen birlikde, doganyñ kabul bolmagyna iñ möhüm bir sebäpdir.

Hawa, müminler üçin hassalara seretmegiñ möhüm sogaby bardyr. Hassalaryñ halyny soramak (hassany ynjalyksyz etmezlik şerti bilen) sünnet, ýagny pygamberimizden galan dessurlardandyr we günäleriñ bagyşlanmagyna sebäpdir. «Hassalaryñ dogasyny alyñ, olaryñ eden dilegleri kabul bolýandyr» diýip hadysda aýdylypdyr.

sesi yok