Hassalar Hakda Risale | YIGRIMI BÄŞINJI LEMA | 9
(1-19)

 

ON IKINJI MELHEM.

Eý, hassalyk sebäpli ybadat we zikirlerinden mahrum galandygy üçin, ahmyr eden hassa!

Sen şuny berk belle: «Takwa bir mümin, hassalyk sebäpli, edip bilmedik dowamly edýän dogalarynyñ sogabyny hassa wagty ýene gazanar» diýip hadysda aýdylypdyr. Mümkin boldugyça sabyr, töwekgellik we yhlas bilen parz amallaryny ýerine ýetiren hassanyñ, beýleki sünnet amallarynyñ öwezini hassalyk dolar. Hassalyk ynsana öz ejizligini we kuwwatsyzlygyny duýdurar. Şeýle-de, ejizlik, kuwwatsyzlyk hal-ýagdaýy we dili bilen doga etdirer. Jenab-y Hak dowamly dergähine çykyp, dileg we doga etmesi üçin ynsana çäksiz ejizlik we kuwwatsyzlyk beripdir.   

ýagny «eger dogañyz bolmasa, ne ähmiýetiñiz bar?» aýatynyñ syryna görä, ynsanyñ ýaradylyş hikmeti we gymmatlydygynyñ sebäbi bolan ýürekden edilýän dogalara hassalyk sebäp bolýandyr. Şu nukdaýnazardan şikaýat däl, Allaha şükür edip, saglyk-salamatlygy gazananyñdan soñ hem hassalygyñ saña açan doga çeşmesini ýapmazlyk gerekdir.

ON ÜÇÜNJI MELHEM.

Eý, hassalykdan şikaýat eden biçäre adam !

Hassalyk käbir adamlara ähmiýetli bir hazynadyr. Allahyñ örän gymmatly sowgadydyr. Her bir hassa öz hassalygyna şu nukdaýnazardan seredip biler.

Şeýle-de, ajalyñ wagty belli däl. Jenab-y Hak ynsany umytsyzlykdan we gaflatdan halas etmek üçin, howp we umyt ortasynda bu dünyäsini hem ahyretini goramaklygy nazarynda tutýanlygy üçin, hikmeti bilen ajaly gizläpdir.

Herdem ajal gelip biler. Eger ynsany gapyllykda tutsa, baky ýaşaýşyna köp zelel berip biler. Hassalyk gaflaty dagydar. Ahyreti hem ölümi ýatladar. Ynsan şoña görä-de taýýarlanar. Käwagt şeýle bir gazanjy bolar welin, ýigrimi ýylda gazanyp bilmedik mertebesini, ýigrimi günde gazanar.

Meselem, dostlarymyzdan (Allah rahmet etsin) iki sany ýaş ýigit bardy. Olaryñ biri İlama obasyndan Sabry, beylekisi Yslamköy obasyndan Wezirzada Mustafa. Bu iki kişi yazuw bilmeseler-de, talyplarymyñ içinde ýürekdeşlikde we iman hyzmatynda iñ öñ hatardadyklaryna geñ galardym, hikmetini bilmeýärdim. Olaryñ ikisinde-de agyr hassalygyñ bardygyny ölenlerinden soñ bildim. Olar agyr hassalygyñ dogry ýol görkezmegi bilen, beýleki gapyl, parzlaryny terk eden ýaşlara garanda iñ möhüm bir takwada, iñ gymmatly bir hyzmatda, ahyrete peýdaly ýagdaýda ýaşadylar. Inşallah, olaryñ iki ýyl agyr hassalanmagy, millionlarça ýyl baky ýaşaýyş bagtyýarlygyna sebäp bolandyr. Olaryñ sagalmaklary üçin eden käbir dogalarymyñ, bu dünyäleri üçin betdoga bolandygyny indi düşünýärin. Inşallah, ol dogam ahyret salamatlyklary üçin kabul bolandyr.

Ynha, men bu ikisiniñ on ýylyñ dowamynda takwalyk bilen gazanyp boljak uly peýdany tapandyklaryna ynanýaryn. Eger olar hem käbir ýaşlar ýaly saglygyna we ýaşlygyna guwanyp, gaflata we günälere girsediler, ölüm hem olary añtap, günäleriniñ üstünde tutan bolsady, nurlar hazynasynyñ deregine gabyrlarynda içýanlar, ýylanlar hin edinerdiler.

Diýmek, hassalyklaryñ şular ýaly uly bähbidi bar bolsa, ondan şikaýat däl, töwekgel we sabyr bilen, hatda, şükür edip, Allahyñ rahmetine bil baglamak gerekdir.

sesi yok