Hassalar Hakda Risale | YIGRIMI BÄŞINJI LEMA | 8
(1-19)

ONUNJY MELHEM.

Eý, ýerliksiz gam çeken hassa!

Sen, hassalygyñ agyrlygy üçin gam çekýärsin. Seniñ gam çekmegiñ hassalygyñy agyrlaşdyrar. Hassalygyñ ýeñilleşmegini isleseñ, gaýgylanmazlyga çalyş. Ýagny hassalygyñ peýdalary, sogaby we çalt geçjekdigi barada oýlan. Gam çekme, hassalygyñ köküni kes.

Hawa, gaýgylanmak hassalygy goşalandyrar. Maddy hassalygyñ üçin gamlanmaklyk magnawy bir hassalygy kalbyña berer. Maddy hassalyk bolsa, oña daýanyp dowam eder.

Eger razyçylyk bilen kaýyl bolup, hassalygyñ hikmetini bilmek bilen ol gaýgy gitse, ol maddy hassalygyñ möhüm bir köki kesiler, yeñilleşer, esasy bölegi gider. Esasanam, waswaslyk zerarly bir dirhem (3 gr) maddy hassalyk, kähalatda gaýgy-gam sebäpli, on dirheme çenli çişip ulalar. Gaýgy-gamyñ kesilmegi bilen ol hassalygyñ ondan dokuzy gider. Gaýgylanmak hassalygy agyrlaşdyrýar. Şonuñ ýaly-da, Allahyñ hikmetine töhmet atmaklyk, rahmetini tankyt we Halyk-y Rahymyndan şikaýat etmek hökmünde bolýandygy üçin, netijesinde şarpyk iýer we hassalygyny agyrlaşdyrar. Hawa, şükür nähili nygmaty artdyrýan bolsa, şikaýat etmek hem musybatlary artdyrar. Gaýgy-gam çekmekligiñ özi-de bir hassalykdyr.

Hassalygyñ syryny bilmeklik bolsa, onuñ dermanydyr. Indi, hassalygyñ hikmetini, peýdasyny bildiñ. Ol melhemi gaýgy-gama sürt, gutul «Ah!» ýerine «Bäh!»- diý, «Eý, wah!» ýerine- de «Älhamdulillahi ala külli hal»- diý.


ON BIRINJI MELHEM.

Eý, sabyrsyz, hassa doganym!

Hassalyk saña şu wagtky ynjyny bermek bilen birlikde, ol hassalygyñ geçmesinden soñ döreýän we bu güne çenli dowam edýän magnawy lezzeti we alan sogabyñdan ruhy lezzeti beryär. Bu günden, dogrusy, bu sagatdan soñraky zamanda hassalyk ýok, elbetde, ýok zatda ynjy-da ýok. Ynjy bolmasa, gaýgy-gam bolup bilmez. Ýalñyş howsala düşýäniñ üçin saña sabyrsyzlyk gelýär. Çünki bu günden öñki döwürdäki bütin maddy hassalygyñ gitmegi bilen, ynjysy-da birlikde gidipdir. Hassalygyñ aýrylyp gitmegi bilen bolsa, sogaby hem lezzeti galypdyr. Saña gazanç getirendigi üçin göwün açmak zerur bolup durka, olary oýlanyp, gam çekmek diwanalykdyr. Geljek günler heniz gelmänkä, şu wagtdan howsala düşüp, ýok bir günde, ýok bolan bir hassalykdan, ýok bolan bir elemden was-wasa düşüp, olary alada edip, gam çekmek, bisabyrlyk etmek, üç gezek ýok-ýoklara barlyk reñkini bermek, diwanalyk däl-de, eýsem nämedir?! Diýmek, ozalky hassalykda geçen sagatlaryñ saña şatlyk berýär. Edil şonuñ ýaly-da, heniz bu sagatdan soñraky zaman ýok, hassalyk-da ýok, ynjy-da ýokdur. Sen, Jenab-y Hakyñ beren bütin sabyr kuwwatyny beýdip saga-sola dagytma, şu wagtky eleme garşy jemle, «Ýa Sabur!» diý, daýan.

sesi yok