Hassalar Hakda Risale | YIGRIMI BÄŞINJI LEMA | 6
(1-19)

SEKIZINJI MELHEM.

Eý, ahyretini pikır edýän hassa!

Hassalyk, sabyn ýaly günäleriñ kirlerini ýuwar, tämizlär. Hassalyklaryñ günälere keffaretüzzunub, ýagny günäleriñ geçilmegine sebäp bolýandygy hakda hadyslarda aýdylandyr. Şeýle- de: «Miweleri ýetişen agajy silkseñ, miweleri döküler, edil şonuñ ýaly-da, imanly bir hassanyn titremesinden onuñ günäleri döküler» diýip aýdylan hadys bar.

Bu dünýäde edilen günäler ahyretde hemişelik hassalyklardyr, bu dünýewi ýaşaýyşda-da kalp, wyjdan, ruh üçin magnawy hassalyklardyr.

Eger sen sabyr edip şikaýat etmeseñ, şu wagtlaýyn hassalyk bilen ebedi bolan köp hassalyklardan gutularsyñ.

Eger günäleri pikir etmeýän bolsañ ýa-da ahyretini ýatlamaýan bolsañ, Allahy tanamaýan bolsañ, onda sende şeýle bir aýylganç hassalyk bar welin, sendäki bu kiçijik hassalykdan million esse has beýikdir. Ondan perýat et!

Çünki kalbyñ, ruhuñ we nebsiñ dünýädäki bar bolan ähli zatlar bilen gatnaşykdadyr. Yzygiderli görnüşde aýralyk we ýokluk sebäpli, ol gatnaşyklar kesilip, çäksiz ýaralar açylýar. Esasanam, ahyreti bilmän, ölümi ebedi ýokluk hasap edýändigiñ üçin, göýä, ýaralar içinde, dünýä ýaly äpet hassa bedeniñ bar.

Ynha, ilki bilen çäksiz ýaraly we hassalykly bu äpet magnawy bedeniñ çäksiz kesellerine şübhesiz derman we şypa beriji melhem bolan «IMAN» dermanyny gözlemek we ynanjyñy düzeltmek gerekdir. Ol dermany tapmak üçin iñ gysga ýol, bu maddy hassalygyñ ýyrtan gapyllyk perdesiniñ arkasyndaky, saña görkezen ejizligiñ we kuwwatsyzlygyñ penjiresi bilen Kadyr-y Züljelalyñ gudratyny we rahmetini tanamakdyr.

Hawa, Allahy tanamaýanyñ başynda dünýä dolusy bela bardyr. Allahy tanaýanyñ dünýäsi nur we magnawy şatlyk bilen doludyr. Ony derejesine görä we imanyñ kuwwaty bilen duýar. Bu imandan yüze çykan magnawy şatlygyñ, şypanyñ we lezzetiñ astynda bölejik maddy hassalyklaryñ ynjysy erär, eziler.

sesi yok