Hassalar Hakda Risale | YIGRIMI BÄŞINJI LEMA | 3
(1-19)

DÖRDÜNJI MELHEM.

Eý, şikaýatçy hassa!

Seniñ şikaýat etmäge hakyñ ýokdur, şükür we sabyr etmelisiñ. Çünki bedeniñ we agzalaryñ, seniñ öz mülküñ däldir. Olary sen yasan dälsiñ, başga dükanlardan hem alan dälsiñ. Diýmek, başgasynyñ mülküdir. Olaryñ eýesi mülkünde isleýşi ýaly hereket eder. Meselem, «Ýigrimi altynjy sözde» aýdylyşy ýaly örän baý, tejribeli bir tikinçi gymmatbaha harytlaryny, gözel sungatyny görkezmek maksady bilen bir sagatjyk modellik wezipesini etdirmek üçin, garyp adamy hakyna tutup, bezegli we örän ussatlyk bilen tiken köýnegini, hülle donuny ol pakyra geýdirer, onuñ üstünde işlär, şekiller berer. Ajaýyp sungatynyñ dürli görnüşlerini görkezmek üçin ony biçer, keser, çalşyrar, uzaldar, gysgaldar.

Aýdaly, şu zähmet hakyny alan ol garyp adam, ol tikinçä; «Maña zähmet çekdiryärsiñ, eglip-galdyryp ezýet berýärsiñ, meni gözelleşdiryän bu köýnegi kesip-gysgaldyp, gözelligimi bozýarsyñ» diýmäge haky barmy? «Merhemetsizlik, ynsapsyzlyk etdiñ» diýip bilermi?

Ynha, eý hassa, edil şu mysaldaky ýaly, Beýik sungat eýesi bolan Sani-i Züljelal göz, gulak, akyl, kalp ýaly nurana duýgular bilen bezelen saña geýdiren jeset köýnegini, esma-i hüsnasynyñ - gözel atlarynyn nagyşlaryny görkezmek üçin köp hallara salar, çalşyrar. Sen açlykda onuñ Rezzak adyny tanaýşyñ ýaly, Şafi adyny-da hassalygyñ bilen bil. Ynjylar, muşakgatlar hem birnäçe atlarynyñ hökümlerini görkezýär. Olarda hikmetiñ uçgunlary, rahmetiñ şuglalary we ol şuglalarda köp gözellikler ýerleşýär. Eger saña perde açylsa, gorkýan we ýigrenýän hassalyk perdesiniñ arkasynda ýakymly manylary taparsyñ.

BÄŞINJI MELHEM.

Eý, derde uçran hassa!

Bu zamanda käbir adamlar üçin hassalyk Allahyñ bir yhsany, Rahmanyñ bir sowgady bolýandygyny tejribäm arkaly bildim.

Bu sekiz-dokuz ýyldyr, laýyk bolmasam-da, ýaşlaryñ birnäçesi hassalyklary zerarly meniñ bilen görşüp, doga islediler. Men olara üns berdim welin, haýsy hassa ýigidi görsem, beýleki ýaşlara garanda ahyretini pikirlenýär. Olarda ýaşlyk serhoşlugy ýok. Gapyllykdaky haýwany höweslerden bir dereje özüni halas edýär. Menem seredip, kuwwatlarynyñ çägindäki, daýanyp biljek hassalyklarynyñ, olar üçin Allahyn bir yhsanydygyny duýdurardym:

Eý dogan! Hassalygyñ üçin doga eder ýaly, seniñ hassalygyña garşy däl.

Hassalyk sebäpli saña mähir-muhabbet duýup gynanmaýaryn. Çünki hassalyk wezipesini bitirenden soñra, inşallah, Rehimdar Ýaradyjy bolan Halyk-y Rahym saña şypa berer. Hassalyk seni doly oýandyryança sabyr etmäge çalyş» diýerdim.

Ýene-de men:

Seniñ birnäçe deñ-duşlaryñ saglyk belasy sebäpli, gaflata düşüp, namazy terk edip, gabry pikir etmän, Allahy unudyp, bir sagatlyk dünyä ýaşaýşynyñ aldadyjy keýpi zerarly, çäksiz ebedi ýaşaýşyny sarsdyrar, hatda, harap eder. Sen, öñi-soñy gitmeli menziliñ bolan gabryñy we onuñ arkasyndaky ahyret menzilleriñi hassalyk gözi bilen görersiñ hem olara görä hereket edersiñ. «Diýmek, hassalyk seniñ üçin bir saglykdyr, birnäçe deñ-duşlaryñdaky saglyk bolsa hassalykdyr» diýerdim.

sesi yok