Hassalar Hakda Risale | YIGRIMI BÄŞINJI LEMA | 2
(1-19)

                                 
   

IKINJI MELHEM.

Eý, sabyrsyz hassa!

Sabyr et, hatda, şükür et. Seniñ bu hassalygyñ, ömür minutlaryny bir sagat ybadat hökmüne geçirip biler. Çünki ybadat iki kysymdyr.

Birinjisi; namaz, doga ýaly mälim bolan müsbet ybadatlardyr.

Ikinjisi; menfi ybadatlardyr, ýagny hassalyklar we musybatlar sebäpli, belalara uçran özüniñ ejizligine, kuwwatsyzlygyna düşüner. Halyk-y Rahymyna sygnar, Oña ýalbarar. Halys, ryýasyz magnawy bir ybadata eýe bolar.

Hawa, Allahdan şikaýat etmezlik şerti bilen, hassalykda geçen ömrüñ, mümin üçin ybadat hasaplanýandygy hakynda hadyslar bardyr. Hatda, käbir sabyr we şükür eden hassalaryñ bir minutlyk hassalygy bir sagat ybadat hökmüne, käbir öwlüýäleriñ bolsa bir minudy bir gün ybadat hökmüne geçýändigi hadyslar hem keşfiýaty sadyka arkaly bellidir. Senin bir minut ömrüñi müñ minut hökmüne geçirip, saña uzak ömri gazandyran hassalykdan şikaýat däl, şükür et.

ÜÇÜNJI MELHEM.

Eý, çydamsyz hassa!

Gelenleriñ dünýäden dowamly gitmegi, ýaşlaryñ garramagy we ömrüñ aýralyk içinde aýlanyp durmagy ynsanyñ bu dünýä keýp çekmek ýa-da lezzet almak üçin gelmändigine şaýatlyk edýändir. Ynsan älemdäki janly mahluklaryñ iñ kämili, iñ belendi we agzalara iñ baýy, hatda, janly mahluklaryñ soltany hökmündedir. Şeýle-de bolsa, geçen lezzetlerini we geljek belalaryny oýlanyp bilyändigi üçin, haýwana garanyñda has pes, gaýgyly we muşakgatly ýaşaýyş geçiryär.

Diýmek, ynsan bu dünýä diñe gözel ýaşamak, rahat we sapaly ömür geçirmek üçin gelen däldir. Has dogrusy, elinde uly sermaýasy bolan ynsan, bu ýerde söwdalaşyp, ebedi bir ýaşaýşyñ bagtyýarlygyny gazanmak üçin gelendir. Onuñ eline berlen sermaýa-da ömürdir. Eger hassalyk bolmasa, saglyk-salamatlyk gapyllyga iterer, dünýäni hoş görkezer, ahyreti unutdyrar... Ynsan gabry we ölümini ýatlamak islemez... Ömür sermaýasyny bady-howa boş ýere sarp etdirer. Hassalyk bolsa birden gözüni açdyrar, bedenine we jesedine: «Ölümsiz, başy boş dälsiñ, bir wezipäñ bar. Ulumsylygy taşla, seni ýaradany ýatla, gabra gitjekdigiñi bil, şoña görä-de taýýarlan» diýer. Ynha, şu nukdaýnazardan hassalyk, hiç aldatmaýan nesihatçy we duýduryjy, ýol görkeziji mürşitdir. Ondan şikaýat däl, hatda, bu jähetden oña şükür etmek, eger has agyr gelse, sabyr islemek gerekdir...


sesi yok