Hassalar Hakda Risale | YIGRIMI BÄŞINJI LEMA | 4
(1-19)

ALTYNJY MELHEM.

Eý, agyry-ynjydan şikaýat eden hassa!

Senden soraýaryn! Geçen ömrüñde lezzetli, sapaly günleriñi we belaly, ynjyly wagtlaryñy ýatla. Sen her halyña ýa «Bäh!», ýa-da «Wah!» diýersin. Ýagny Kalbyñ we diliñ; ýa «Älhamdülillah, şükür», ýa-da «günlerim biderek geçipdir-ow» diýer.

Dykgat et, seniñ başyñdan geçen ynjylaryñ, musybatlaryñ ýatlanmagy ruhy lezzetleriñ gapysyny açýar welin, seniñ kalbyñ ol gelen lezzetlere «Bäh, Elhamdulillah şükür» diýer. Sebäbi ynjylaryñ gitmeginiñ özi bir lezzetdir. Ynjylaryñ we musybatlaryñ gitmegi, kalbymyzda ruhy lezzeti miras galdyrýar. Olar hakda pikirlensek, ol lezzetlere ýol açylýar, ruhdan lezzetler akýar, şükürler damýar. Geçen döwürleriñdäki başyñdan geçiren lezzetli we sapaly hallaryñ bolsa «Wah. günlerim biderek geçipdir» diýdirip, seniñ ruhuñda hemişelik bir ynjyny miras galdyrar. Näwagt olar hakda oýlansañ, ýene-de ol ynjylara ýol açylyp, seni gaýgy-gama batyrýar. Şeyle-de bir günlük halal bolmadyk lezzet käwagt bir ýyllyk magnawy elem çekdiryär. Wagtlaýyn, bir günlük hassalyk sebäpli gelen elemiñ aýrylmagy bilen halas bolmakda we gutulmaklykda köp wagtlap dowam etjek magnawy lezzet we sogap bardyr. Senin başyña gelen wagtlaýyn, geçiji häzirki hassalygyñ netijesi we onuñ añyrsyndaky sogaby hakda oýlan, «Bu-da geçer! Ýa Hu!» diý, şikaýat ýerine şükür et!


ALTYNJY MELHEM.1

Eý, dünýä lezzetini oýlanyp, hassalykdan azap çeken doganym!

Eger bu dünýä baky bolsady, ýolumyzda ölüm bolmasady, ötegçi we aýralyk ýeli öwüsmesedi, musybatly, harasatly geljekden magnawy gyş möwsümleri bolmasady, men hem seniñ bilen birlikde bu halyña gynanardym. Ýöne bu dünýä bir gün bize: «Hany, bu «ýerden çyk daşary!» diýjekdir.

Soñra-da ahy-nalamyzdan gulagyny dykjakdyr. Ýöne ol bizi kowmazyndan ozal, biz bu hassalyklaryñ duýdurmagy bilen onuñ yşkyndan yüz öwürmelidiris. Ol bizi terk etmezden, biz oña kalbymyzdan orun bermän, terk etmäge çalyşmalydyrys.

Hawa, hassalyk bu manyny duýdurmak bilen bize: «Seniñ bedeniñ daşdan, demirden däldir. Hatda, her wagt aýrylyp biljek dürli maddalardan düzülendir. Ulumsylygy taşla, ejizdigiñi bil, Eýäñi tana, wezipäñi bil, dünýä näme üçin gelendigiñi öwren» diýip, kalbyñ gulagyña gizlin duýduryş berýär.

Şeýle hem, dünýäniñ şatlygy, lezzeti dowam etmeýär. Esasanam, halal bolmasa, dowamsyz, ynjyly we günäli bolýar. Sen hassalyk sebäpli, ol lezzetleri ýitireniñ üçin aglama, tersine hassalykdaky magnawy ybadat we ahyrete degişli sogaply taraplaryny pikir edip, lezzet almaga çalyş.



1 Altıynjy melhemi özümizem bilmän iki gezek gaýtalapdyrys «Munda bir syr bardyr» diýen düşünje

 bilen ony  üýtgetmedik                                             

     

                          
sesi yok