Hassalar Hakda Risale | YIGRIMI BÄŞINJI LEMA | 5
(1-19)

ÝEDINJI MELHEM.

Eý, saglygynyñ lezzetini ýitiren hassa!

Seniñ hassalygyñ sagat wagtyñdaky Allahyñ beren nygmatlarynyñ lezzetinı gaçyrmaýar, tersine, dadyrýar we artdyrýar. Çünki bir zat hemişe dowam etse, täsirini ýitirýär. Hatda, hak ýoldan gidýänler bir agyzdan:

diýýärler, ýagny 
«Her zat gapma-garşylygy bilen bilner».

Meselem:

-Garañkylyk bolmasa, yşyk bilinmez, lezzetsiz galar.

-Sowuk bolmasa, gyzgynlyk añlaşylmaz, gadyry bilinmez.

-Açlyk bolmasa, iýmit lezzet bermez.

-Teşnelik bolmasa, suw içmek lezzet bermez.

-Kesel bolmasa, sag-salamatlygyñ gadyry bolmaz.

-Dert bolmasa, saglyk lezzetsizdir.

Zatlary hikmet bilen meñzeşsiz ýaradan Fatyr-y Hakim ynsana her dürli yhsanyny bildirip we her görnüşdäki nygmatyny dadyryp, ýagny şu älemde dürli-dürli çäksiz nygmatlarynyñ görnüşlerini dadyryp, tanatmak üçin örän köp agzalar bilen agzalandyrmagy ynsany her zaman şükre gönükdirmek isleýändigini görkezýär. Şonuñ ýaly-da, saglygy we salamatlygy berişi ýaly, hassalyklary, syrkawçylyklary, dertleri-de berjekdigini görkezýär.

Senden: «Bu hassalyk başyñda, eliñde ýa-da aşgazanyñda bolmasady, başyñ, eliñ abat we aşgazanyñ sag wagtyndaky Allahyñ lezzetli, şirin nygmatyny duýup şükür ederdiñmi?» diýip soraýaryn. Elbetde, şükür-ä däl, hatda, pikir hem etmezdiñ. Akylsyzlyk edip, ol saglygy gapyllyga, günälere sarp ederdiñ.

sesi yok