Hassalar Hakda Risale | YIGRIMI BÄŞINJI LEMA | 7
(1-19)

DOKUZYNJY MELHEM.

Eý, Halykyny tanan hassa!

Hassalyklardaky elem, ürki we gorkmak ölüme sebäp bolýanlygy üçindir. Ölüm, gapyllyk nukdaýnazaryndan daşyndan aýylganç görünýändigi üçin, oña sebäp bolup biljek hassalyklar gorkuzýar, elendirýär.

Birinjiden, bil we anyk iman et! Ajal ýazgytdyr, üýtgemez. Sagat bolup, agyr halda ýatan hassalaryñ başlarynda aglanlar ölüpdirler, emma ol hassa kişiler bolsa, şypa tapyp yaşapdyrlar.

Ikinjiden, ölüm daşyndan görnüşi ýaly gorkunç däl. Muny köp risalelerde Kuran-y Hakimiñ beren nury bilen örän kesgitli, şeksiz-şübhesiz bir görnüşde subut edipdik:

Ölüm - ähli iman üçin ýaşaýyş wezipesiniñ külpetinden azat bolmakdyr.

Hem dünyä meýdanyndaky synagdan, tälim we taglymat bolan ybadatlardan azat bolmakdyr;

Hem beýleki äleme giden dost-garyndaşlaryñ ýüzden togsan dokuzyna gowuşmak üçin sebäpdir;

Hem hakyky watanyna we ebedi bagtyýarlyk mertebesine ýetmäge sebäpdir;

Hem dünyä zyndanyndan Jennet bossanyna çakylykdyr;

Hem Halyk-y Rahymynyñ merhemetinden öz eden hyzmaty üçin hyzmat hakyny almaga nobatdyr.

Diýmek, ölümiñ düýp manysy hakykat nazarynda budur. Oña gorkuly bakman, tersine rahmet we bagtyýarlygyñ bir başlangyjy nazary bilen seretmek gerekdir.

Ählullahyñ (öwlüyäleriñ) bir böleginiñ ölümden gorkmalary, ölümiñ howpundan däldir. Has dogrusy «has artykmaç haýyr-sogap gazanaýyn» diýip, ýaşaýyş wezipesiniñ dowamynda gazanjak haýyrlary üçindir.

Hawa, ölüm
- iman eden ynsanlar üçin rahmet gapysydyr. Dinden çykanlar üçin bolsa, ebedi garañkylyk guýusydyr.

sesi yok