Hassalar Hakda Risale | YIGRIMI BÄŞINJI LEMA | 10
(1-19)

ON DÖRDÜNJI MELHEM.

Eý, gözüne perde inen hassa!

Eger ähli imanyñ gözüne inen perdäniñ astynda nähili bir nur we magnawy gözüñ bardygyny bilsediñ, «Ýüz müñ şükür Rabbi Rahymyma!» diýersin. Bu melhemi açyklamak üçin bir wakany gürrüñ berjek.

Sekiz ýyl wepalylyk bilen, hiç ynjytman, maña hyzmat eden Barlaly Süleýmanyñ kakasynyñ aýal doganynyñ bir wagt gözi gapyldy. Ol päkize aýal maña hetdimden ýüz dereje artyk baha berip: «Gözümiñ açylmasy üçin doga et» diýip, metjidiñ gapysynda meni saklady. Men-de, Allah yşgyna düşen.mübärek, dindar aýalyñ päkizeligini dogama şepagatçy edip, «Ýa Rabbi, onuñ päkizeliginiñ hormatyna gözüni aç» diýip ýalbardym. Ertesi Burdur şäherindäki göz tebibi geldi, gözüni açdy. Onuñ kyrk gün soñra ýene gözi gapyldy. Men oña gaty gynanyp, dilegler etdim. Inşallah, ol dileglerim onuñ ahyreti üçin kabul bolandyr. Ýogsam, meniñ ol dileg-dogam, onuñ üçin örän yalñyş bir betdoga boljakdy. Çünki ajalyna kyrk gün galypdy, kyrk gün soñra (Allah rahmet etsin) ol wepat etdi.

Ine, ol merhum aýal kyrk gün Barlanyñ gamly baglaryna gyýylyp, garrylyk gözi bilen bakmasyna derek, gabrynda Jennet baglaryny kyrk mün günläp synlamaklygy gazandy. Çünki imany kuwwatly we örän päkizedi.

Hawa, bir musulmanyñ gözüne perde çekilse we gözi gapylyp gabra girse, ol derejesine görä Nur älemini gabyr ähillerinden has zyýada tomaşa edip biler. Biz, nähili bu dünýäde köp zatlary görýäris. Emma kör bolan müminler görmeýärler, ol körler gabra imanly giden bolsalar, gabyr ähillerinden has artykmaç, iñ uzakdan görkezýän dürbüden bakýan ýaly gabyrlarynda derejesine görä, Jennet baglaryna kino görýän ýaly tomaşa ederler.

Ynha, gözüñ körlügine şükür we sabyr etseñ, toprak astyndakañ gökleriñ üstündäki örän nurly Jenneti görkezjek we tomaşa etdirjek göze eýe bolup bilersiñ. Ynha, ol perdäni seniñ gözüñden aýryp, ol göz bilen seni bakdyrjak göz tebibi Kuran-y Hakimdir.

sesi yok