Hassalar Hakda Risale | YIGRIMI BÄŞINJI LEMA | 16
(1-19)

Eý, hassa dogan! Başga risalelerde giñişleýin we anyk subut edilişi ýaly musybatlaryñ, şerleriñ, hatda, günäleriñ asly we esasy ýoklukdyr. Ýokluk bolsa, şerdir, tümlükdir. Üýtgemeyän rahatlykda gadyrsyzlyk, durgunlyk, durgunlaşmak ýaly halatlaryñ ýokluga we hiçlige ýakynlygy sebäpli, ýoklukdaky tümlügi duýduryp, darykdyrar. Hereket we üýtgäp durmak bolsa, barlykdyr, barlygy bildirer. Bar bolmaklyk bolsa, halys haýyrdyr, nurdur.

Diýmek, hakykat şeýledir. Sendäki hassalyk, gymmatly ömrüñi saplar, kuwwatlandyrar, ösdürer we ynsanyñ bedenindäki ol hassa agzanyñ töweregine beýleki agzalaryny kömek etmek üçin we her bir zady hikmet bilen ýaradan Sani-i Hakimiñ aýry-aýry atlarynyñ nagyşlaryny görkezmek ýaly başga-da köp wezipeler üçin ol hassalyk seniñ bedeniñe myhman hökmünde iberilendir. Inşallah, hassalyk wezipesini tizden-tiz bitirer, gider. Salamatlyga: «Sen gel-de meniñ ýerimde hemişelik gal, öz wezipäñi ýerine ýetir. Çünki bu öý seniñkidir, sag-salamat gal» diýer.

ÝIGRİMINJI MELHEM.

Eý, derdine derman araýan hassa!

Hassalyk iki kysymdyr. Bir kysmy hakyky, beylekisi wehmidir.

Hakyky kysym hassalara şypa beren Şafi-i Hakim-i Züljelal beýik dermanhanasy bolan Ýer şarynda her derdiñ dermanyny nyzamly ýerleşdiripdir. Ol dermanlar bolsa, dertleri islärler. Her dert üçin bir derman ýaradypdyr.

Şypa tapmak üçin dermanlary ulanmak bolar, emma täsiriniñ we şypasynyñ Jenab-y Hakdandygyny bilmelidiris. Ol, dermanyny berşi yaly şypasyny-da berer.

Tejribeli, dindar lukmanlaryñ nesihatlaryna eýermek ähmiýetli bir dermandyr. Çünki köp hassalyklar ýaman hereketlerden, berhizsizliklerden, isriplerden, hatalardan, günälerden we dykgatsyzlykdan ýüze çykýar. Elbetde, dindar lukman halal çäklerde öwüt-nesihat berer. Ýaman hereketlerden, isriplerden saklap, oña teselli berer. Hassa ol maslahatlara we tesellilere eýerse, derdi ýeñilleşer, göwni giñär.

Emma beýleki wehim beriji hassalyk kysmynyñ iñ täsirli dermany - oña ähmiýet bermezlikdir. Oña ähmiýet berdigiñçe çişer, ulalar. Emma ähmiýet bermeseñ welin, ol kiçelip dagar. Bir ynsan arylardan gorkup gorandygyça, arylar oña hüjüm ederler. Hiç hili goranman dursañ, dargarlar. Garañkylykda gözüñ öñüne ýüp sallansa, şonda hyýalyña gelen gorkulara ähmiýet berseñ, ulalar, hatda, käwagt seni dälirän ýaly gaçyrar. Ähmiýet berme-señ, ýönekeýje bir ýüpüñ ýylan däldigini görüp, hyýalyña gelen ol gorkulara gülersiñ.

sesi yok