Hassalar Hakda Risale | YIGRIMI BÄŞINJI LEMA | 17
(1-19)

Bu esassyz, wehmi hassalyk uzak wagtlap dowam etse, hakykata öwrüler. Peşeden pil ýasap, magnawy kuwwaty dagytmak, was-wasaly we gaharjañ ynsanlarda erbet bir hassalykdyr. Esasanam, merhemetsiz, emelsiz ýa-da ynsapsyz lukmanlara gabat gelse, was-wasasyny has beter öjükdirer. Baý bolsa maly gider, bolmasa ýa akyly ýa-da saglygy gider.

ÝIGRIMI BIRINJI MELHEM.

Eý, hassa dogan!

Seniñ hassalygyñda maddy bir ynjy bar. Ýöne ol maddy ynjynyñ täsirini ýok etjek ähmiýetli manewi lezzet seni gurşap alýar. Çünki ene-atañ we garyndaşlaryñ bar bolsa, köpden bäri seniñ unudan örän lezzetli ol merhemetlilikleri töweregiñde oýanyp, çagalyk döwründe gören şirin nazarlaryñy ýene täzeden görersiñ. Şeýle hem, hassalygyñ çagyrmagy bilen, örän gizlin, perdeli galan töweregindäki dostlukly gatnaşyklar oýanyp, ýene saña garşy muhabbet bilen bakarlar. Şonuñ üçin, bu maddy ynjyñ olaryñ ýanynda hiç bolup galar.

Şeýle hem, seniñ hoşallyk bilen hyzmatyñy eden we söygüleriñi gazanmaga çalyşan adamlaryñ, hassalygyñ hökümi sebäpli, saña merhemet bilen hyzmatkärlik edendikleri üçin, senin hormatlanlaryñ hormatyny gazandyñ. Ynsanlaryñ gynanç duýgularyny we mähirlerini özüñe çekip, ýok ýerden köp kömekçi dostlary we mähirli doganlary tapdyñ.         

Şeýle hem, muşakgatly hyzmatlardan dynç almak emrini yene şu hassalykdan aldyñ. Indi hem dynç alýarsyñ. Elbetde, seniñ bu azajyk ynjyñ saña bu magnawy lezzetleri berýändigi üçin, seni şikaýata däl, şüküre itermelidir.

ÝIGRIMI IKINJI MELHEM.

Eý, ysmazlyk ýaly agyr hassalyklara ýolugan dogan!

Iki bilen ysmazlyk hassalygy mümin üçin mübärek hasaplanýandygyny saña buşlaýaryn. Muny köpden bäri welilerden eşitsem-de, syryny bilmeýärdim. Munuñ bir syry kalbyma şeyle gelýär:

Allahyñ dostlary bolan Ählullah (Weliler) Jenab-y Haka gowuşmak, dünýänin örän uly magnawy howplaryndan halas bolmak we ebedi bagtyýarlygy gazanmak üçin iki esas boýunça ýöräpdirler:

Birinjisi. Rabyta-ýy Mewtdir, ýagny dünýäniñ pany bolşy ýaly özleriniñ-de wezipeli, pany bir myhmandygyna düşünip, ebedi ýaşaýyşlary üçin ol şekilde çalşypdyrlar.

Ikinjisi. Emir ediji nebsiñ we kör duýgularyñ howplaryndan halas bolmak üçin çileler çekip, ryýazata, ýagny terkidünýälige berlip, emir ediji nebsini öldürmäge çalşypdyrlar.

Eý, bedeniniñ ýarysynyñ saglygyny ýitiren dogan! Sen ygtyýarsyz bolanyñ üçin, gysga bolan we añsat bagtlylyga sebäp bolýan iki esas berlipdir welin, seniñ bedeniñ haly dünyäniñ geçijidigini we ynsanyñ panydygyny dowamly ýatladyp durýar. Şonuñ üçinem, mundan soñra bu dünýä seni bogup, gözüñi gapyllyk gapyp bilmeýär. Elbetde, ýarym ynsan halyndaky adamy emir ediji nebis masgaraçylykly pis höwesleri bilen aldadyp bilmez. Ol, nebsiñ belasyndan tiz halas bolar.

Ynha, mümin imanyñ syryna görä, razylyk we töwekgellik etmek bilen, gysga wagtda, ysmazlyk ýaly agyr hassalykdan Welileriñ çilleleri ýaly peýdalanyp biler. Şeýlelikde, ol agyr hassalyk örän arzan düşer.

sesi yok