Ýigrimi bäşinji Şöhle (Lem’a) ikinci tercume | Ýigrimi bäşinji Şöhle (Lem’a) | 15
(1-15)

ÝİGRİMİ DÖRDÜNJİ ŞYPA: Eý, günäsiz hassa çagalara we günäsiz çagalar hökmünde bolan garrylara hyzmat edýän hassa seredijiler! Siziñ öñüñizde ahyrýete degişli möhüm gazanç bar. Höwes we gaýrat bilen ol gazanjy ediniñ. Günäsiz çagalaryñ hassalyklaryny, ol näzik bedenlere türgenleşik, berhiz we ileride bu dünýäniñ galmagallaryna (başagaýlyk, alada) dözüp bilmegi üçin sanjym we Rabbani terbiye hökmünde, çaganyñ bu dünýädäki ýaşaýşyna degişli köp hikmetler bilen birlikde we ruhy yaşaýşyna we durmuşynyñ päklenmegine sebäp boljak ululardaky keffaret-uz zünub (günäleriñ bagyşlanmagyna sebäp) ýerine, manewi we ileride ýa-da ahyrýetde manewi ösüşine sebäp sanjymlar hökmündäki hassalyklary sebäpli beriljek sogap, ata we eneleriniñ amal depderine, aýratyn-da mähir syry bilen çaganyñ saglygyny öz saglygyndan ileri tutýan enäniñ sogaplar sahypasyna ýazylýandygy, ehl-i hakykata (hakykaty tapan adamlara) görä anykdyr. Garrylara seretmek bolsa; hem ägirt sogap almak bilen birlikde, ol garrylaryñ we aýratyn-da ata we ene bolsa, alkyşlaryny almak we kalplaryny hoşnut etmek we wepaly hyzmat etmek, hem bu dünyädäki bagta, hem ahyrýetiñ bagtyna sebäp bolýandygy sahyh (dogry) habarlar we köp taryhy wakalar bilen anykdyr. Garry ata we enesine doly boýun egen bir perzent, öz perzendinden hem şol gatnaşygy görşi ýaly; betbagt bir perzent eger ene-atasyny ynjytsa, ahyrýet azabyndan başga, bu dünýäde köp peläketler bilen jezasyny görýändigi, köp wakalar bilen aydyñdyr. Hawa, garrylardan we günäsizlerden diñe garyndaşlara seretmek däl; belki imanly adam (iman syry bilen hakyky doganlyk bar) olara duşsa, hormatly hassa garry oña mätäç bolsa, ruh we jany bilen oña hyzmat etmek Yslamyýetiñ geregidir.

 

  YİGRİMİ BÄŞİNJİ ŞYPA: Eý, hassa doganlar! Siz örän peýdaly we her derde derman we hakyky lezzetli mukaddes bir em isleýän bolsañyz, imanyñyzy kämilleşdiriñ (güýçlendiriñ). Ýagny toba we istigfar (bagyşlanma dilemek) bilen we namaz we gulluk bilen, ol mukaddes em bolan imany we imandan döreýän dermany ulanyñ. Hawa, bu dünýä bolan söýgüsi we baglanyşygy sebäpli gapyl adamlaryñ göýä dünýä ýaly uly hassa manewi bedeni bardyr. İmanyñ bolsa, dünýä ýaly ägirt heläk (soñlanma) we aýralyk zarbalaryna, ýara we sypjyryklar içinde bolan ol manewi bedenine birden şypa berip; ýaralardan halas edip, hakyky şypa berýändigini örän köp Risalelerde anyk subut edilendir.

Başyñyzy agyrtmazlyk üçin sözümi gysgaldýaryn. İman dermany bolsa, parzlary mümkin boldugyça ýerine ýetirmek bilen täsirini görkezýär. Gaflat we günäler we nebsiñ höwesleri we şerigata sygmaýan güýmenjeler, ol dermanyñ täsirini ýok eder. Hassalyk gaflaty aýyryp, işdäñi kesip, şerigata sygmaýan keýplere päsgel bolýandygyna görä, ondan peýdalanyñ. Hakyky imanyñ mukaddes dermanlaryndan we nurlaryndan toba we istigfar bilen, dileg we nyýaz bilen ulanyñ. Jenab-y Hak sizlere şypa bersin, hassalyklaryñyzy keffaret-uz zünub (günäleriñ bagyşlanmagyna sebäp) etsin. Ämin, ämin, ämin...

رَبِّنَا بِاْلحَقِ وَقَالُوا اْلحَمْدُ لِلّهِ الَّذِى هَدَينَا لِهذَا وَمَا كُنَّا لِنَهْتَدِىَ لَوْلاَ اَنْ هَدَينَا اللّهُ لَقَدْ جَاءَتْ رُسُلُ

("Diýdiler: Bizi muña ulaşdyran Allah'a hamd (öwgüler) bolsun; ýogsa Allah hidaýet etmedik bolsady, biziñ özümiz muña ulaşyp bilmezdik. Hakykatdan hem, Rabbimiziñ pygamberleri bize haky getirdiler." Araf Süresi, 7:43.)

سُبْحَانَكَ لاَ عِلْمَ لَنَا اِلاَّ مَا عَلَّمْتَنَا اِنَّكَ اَنْتَ الْعَلِيمُ الْحَكِيمُ

("Seni her dürli kemçilikden päkleýäris. Seniñ bize öwredeninden başga biziñ bilimimiz ýokdur. Elbetde Sen, ylmy we hikmeti her zady gurşap alan Alim-i Hakimsiñ." Bakara Süresi, 2:32.)

اَللّهُمَّ صَلِّ عَلَى سَيِّدِنَا مُحَمَّدٍ طِبِّ الْقُلُوبِ وَ دَوَائِهَا وَ عَافِيَةِ اْلاَبْدَانِ وَ شِفَائِهَا وَ نُورِاْلاَبْصَارِ وَ ضِيَائِهَا وَ عَلَى آلِهِ وَ صَحْبِهِ وَ سَلِّمْ

(Allahym! Kalplar derman we çäresi, bedenleriñ saglyk we şypasy, gözleriñ nury we şöhlesi bolan Seýýidimiz (Hojaýynymyz) Muhammed'e we maşgalasyna we ashabyna salat we salam eýle).

 

*****

sesi yok