Ýigrimi bäşinji Şöhle (Lem’a) ikinci tercume | Ýigrimi bäşinji Şöhle (Lem’a) | 12
(1-15)

ON DOKUZYNJY ŞYPA: Jemil-i Züljelal'yñ ähli isimleri “Esma-ul hüsna” (Allahyñ İñ Gözel İsimleri) diýip Allahyñ  sözüniñ görkezişine görä gözeldirler. Barlyklaryñ arasynda iñ şirin, iñ gözel, iñ jemli Samediýet (her zadyñ Allaha mätäç bolup, Allahyñ hiç zada mätäç bolmazlygy) aýnasy-da  - dirilikdir (ýaşaýyşdyr). Gözeliñ aýnasy gözeldir. Gözeliñ gözelliklerini görkezýän aýna gözelleşer. Ol aýnanyñ başyna ol gözelden näme gelse, gözel boluşy ýaly; ýaşaýyşyñ başyna-da näme gelse, hakykat nukdaýnazarynda gözeldir. Çünki gözel bolan ol Esma-ul hüsnanyñ gözel nagyşlaryny görkezer. Ýaşaýyş, mydama saglyk we salamatlykda birmeñzeş dowam etse, nogsan aýna bolar. Belki bir tarapdan ýoklugy we hiçligi duýduryp, ynjalyksyzlandyrar. Ýaşaýşyñ gymmatyny peselder. Ömrüñ lezzetini tukatlyga öwürer. Wagtymy çalt geçirjek diýip, içgysgynçlykdan ýa günälere, ýa güýmenjelere topular. Türmedäki wagt ýaly, gymmatly ömrüne duşmançylyk edip, tiz öldürip geçirmek isleýär. Emma üýtgeşmelerde we hereketde we dürli-dürli ýagdaýlarda dowam edýän ýaşaýyş, gymmatlylygyny duýdurýar, ömrüñ ähmiýetini we lezzetini bildirýär. Muşakgatda we külpetde bolsa-da, ömrüñ geçmegini islemeýär. "Eý-waý, gün ýaşmady, ýa-da gije gutarmady" diýip, gaýgydan ýaña “uf! uf!” diýmeýär. Hawa, örän baý we işsiz, rahatlyk düşeginde her zady ajaýyp bolan birinden sora; “nä yagdaýdasyñ?” Elbetde: “uf, wagt geçenok, gel ikimiz şeş-beş oýnaly ýa-da wagty geçirmek üçin bir güýmenje tapaly” ýaly gussaly sözleri ondan eşidersiñ.. ýa-da uzyn arzuwlardan döreýän, “şu zadym kem, käşge şu işi etsedim” ýaly şikaýatlary eşidersiñ. Sen bir betbagtçylyga uçran adam ýa-da işçi we muşakgatly ýagdaýda bolan bir garypdan sora; “nä ýagdaýdasyñ?” Akly ýerinde bolsa: " Rabbime şükürler bolsun, men oñat, işäp ýörün. Käşge gün tiz ýaşmasady, şu işi-de gutarsadym. Wagt çalt geçýär, ömür duranok, gidip barýar. Hawa, biraz kynçylyk çekýärin, emma bu-da geçer, hemme zat şeýle tiz geçip gidýär" diýip, many taýdan ömrüñ neneñsi gymmatlydygyny, onuñ tiz geçmegine gynanma bilen bildirýär. Diýmek, muşakgat we işlemek bilen, ömrüñ lezzetine we ýaşaýşyñ gymmatyna düşünýär. Dynçlyk we saglyk bolsa, ömri gaýgy-gussalaşdyrýar, tiz geçip gitmegini arzuw etdirýär.

  Eý, hassa dogan! Şuny ýagşy bil: başga Risalelerde jikme-jik beyan bilen anyk şekilde subut edilişi ýaly; betbagtçylyklaryñ, şerleriñ, hatda günäleriñ asly we maýasy ýoklukdyr. Ýokluk bolsa şerdir, garañkylykdyr. Birmeñzeş dynçlyk, ümsümlik, arkaýynlyk, durgunlyk ýaly ýagdaýlar ýokluga, hiçlige ýakynlygy üçin ýoklukdaky garankylygy duýduryp ynjalyksyzlandyrýar. Hereket we özgerme bolsa barlykdyr, barlygy duýdurar. Barlyk bolsa sap haýyrdyr, nurdyr. Hakykatyñ şeýledigine görä; sendäki hassalyk, gymmatly ýaşaýşy päklemek, kuwwatlandyrmak, ösdürmek we bedeniñdäki beýleki ynsan enjamlaryny ol syrkaw agzanyñ töweregine kömekçi şeklinde ugrukdyrmak we Sani-i Hakim'iñ (Hikmetli we her zady Sungatly ýaradan Allah) aýry-aýry isimleriniñ nagyşlaryny görkezmek ýaly, köp wezipeler üçin, bu hassalyk seniñ bedeniñe myhman hökmünde iberilendir. İnşaAllah, wezipesini tiz tamamlap gider. We saglyk-salamatlyga diýer; “Sen gel, meniñ ýerime mydamalyk gal, wezipäñi yerine ýetir, bu öý seniñkidir, sag-aman gal”.

sesi yok