Ýigrimi bäşinji Şöhle (Lem’a) ikinci tercume | Ýigrimi bäşinji Şöhle (Lem’a) | 14
(1-15)

  ÝİGRİMİ İKİNJİ ŞYPA: Eý, ysmaz (şel, paraliç) ýaly agyr hassalyklara duçar bolan dogan! Owaly bilen seni buşlaýaryn: mü'min üçin ysmaz keseli mübärek hasaplanýar. Muny öñden bäri weli adamlardan eşidýärdim. Syryny bilmeýärdim. Bir syry kalbyma şeýle gelýär: Ehlullah (Allah adamlary, öwlüýä) Jenab-y Hak'a gowuşmak we bu dünýäniñ ägirt manewi howplaryndan halas bolmak we ebedi bagty edinmek üçin, saýlap iki esasa eýeripdirler:

  Birinjisi: Ölüm baglanyşygydyr. Ýagny: Bu dünýäniñ pany boluşy ýaly, özi-de onuñ içinde wezipeli (jogapkärçilikli) pany myhmandygyny pikir etmek bilen, ebedi ýaşaýyşyna oña görä taýýarlanypdyrlar.

  İkinjisi: Nefs-i emmareniñ (erbetligi emir edýän nebis) we kör duýgularyñ howplaryndan halas bolmak üçin, çileler (horluk, kynçylyk) bilen, riyazetler (az nahar iýip nebsiñi terbiýelemek) bilen nefs-i emmareni öldürmäge çalyşypdyrlar. Sen, eý bedeniniñ ýarym saglygyny ýitiren dogan! Saña ygtyýarsyz, gysga we añsat we bagt sebäbi bolan iki esas berilipdir: mydama seniñ bedeniñ ýagdaýy, bu dünýäniñ soñlanmasyny we ynsanyñ panydygyny ýatladýar. Mundan beýläk bu dünýä seni gark edip bilmez, gaflat seniñ gözüñi kör edip bilmez. We ýarym adam hökmünde bolan bir kişä, elbetde nefs-i emmare utançsyz höwesler bilen we nebse hoş ýakan islegler bilen ony aldap bilmez, ol nebsiñ belasyndan derrew dynar.

  Ynha, mü'min iman syry bilen we boýun egmek (kaýyllyk) bilen we tewekkül (Allaha daýanmak) bilen, ol agyr ysmaz ýaly hassalykdan az wagtyñ içinde, öwlüýä adamlaryñ çeken çileleri ýaly peýdalanyp biler. Şol wagt  ol agyr hassalyk hiç zat bolup galar.

 

  ÝİGRİMİ ÜÇÜNJİ ŞYPA: Eý, ýalñyz, keseki ýurtda, biçäre hassa! Hassalygyñ bilen birlikde ýalñyzlyk we ýat ýurtda bolmaklyk, iñ gaty kalblary saña garşy rehimdarlyga getirse we mähir nazarlaryny saña çekse; eýsem Kur'anyñ ähli süreleriniñ başlarynda özüni Rahmän-ir Rahim (Rahman – Allahyñ bu dünýäde ähli mahluklara soñsuz merhemetliligi, Rahim – Allahyñ ahyrýetde diñe müminlere soñsuz merhemetliligi) sypaty bilen bize tanyşdyran we mähirlilik şöhlesi bilen hemme çagalara garşy hemme eneleri, ol ajaýyp mähri bilen terbiýe etdiren we her baharda bir Rahmet jilwesi (görünmesi, ýüze çykmasy) bilen zemin yüzüni nygmatlar bilen dolduran we ebedi ýaşaýyşdaky Jennet, ähli gözellikleri bilen bir Rahmet jilwesi bolan seniñ Halyk-y Rahimiñe iman bilen baglanyşygyñ we ony tanap hassalygyñ ejizlik dili bilen nyýazyñ (dilegiñ), elbetde seniñ bu yat ýurtdaky ýalñyzlyk hassalygyñ, her zada derek onuñ Rahmet nazaryny saña öwürer. Ol bar we saña seredýändigine görä, saña her zat bar. Asyl ýat ýurtda, ýalñyzlykda galan iman we boýunegijilik bilen Oña baglanmaýandyr ya-da baglanyşygyna ähmiýet bermeýändir.

 

sesi yok