Ýigrimi bäşinji Şöhle (Lem’a) ikinci tercume | Ýigrimi bäşinji Şöhle (Lem’a) | 11
(1-15)

  ON SEKİZİNJİ ŞYPA: Eý, şükri taşlap, şikaýata giren hassa! Şikaýat, bir hak sebäpli ediler. Şikaýat eder ýaly sen bir hakyñy ýitireñok ahyryn. Belki seniñ üstüñde haky bolan köp şükürler bardyr, ýerine ýetirmediñ. Jenab-y Hak'yñ hakyny bermezden, haksyz şekilde hak isleýän ýaly şikaýat edýärsiñ. Sen, özüñden ýokary derejelerdäki saglykly bolanlara seredip, şikayat edip bilmersiñ. Belki sen, özüñden saglyk meselesinde pes derejelerde bolan biçäre hassalara seredip, şükür etmäge borçlusyñ. Seniñ eliñ döwülen bolsa, kesilen ellere seret! Bir gözüñ ýok bolsa, iki gözü-de ýok körlere seret! Allah'a şükür et. Hawa, nygmatda özünden ýokarylara seredip şikaýat etmäge hiç kimiñ haky ýokdur. We betbagtçylykda her kimiñ haky, şükür etmek üçin özünden betbagtçylyk meselesinde has ýokarda bolanlara seretmekdir. Bu syr käbir Risalelerde bir mysal bilen düşündirilendir. Gysga mazmuny şeýledir: Bir kişi, bir biçäräni, bir minaranyñ ýokarsyna çykarýar. Minaranyñ her basgançagynda dürli-dürli yhsan, sowgatlar berýär. Minaranyñ iñ ýokarsynda-da iñ uly sowgadyny berýär. Ol dürli görnüşli sowgatlara garşy ondan şükür we minnetdarlyk garaşýan wagty; ol gyzma adam, ähli basgançaklarda alan sowgatlaryny unudyp ýa-da hiç hasaplap, şükür etmän ýokary seredýär. Käşge şu minara has uzyn bolsady, has ýokarlara çyksadym, nämüçin ol dag ýaly ýa-da beýleki minara ýaly örän beýik däl diýip şikaýat etmäge başlasa, neneñsi nygmata garşy gadyrbilmezlik, haksyzlyk bolsa, şeýle-de: Bir ynsan hiçlikden barlyga gelip, daş bolmazdan, agaç bolman, haýwan edilmän, ynsan bolup, musulman bolup, köp wagt saglyk we salamatlyk görüp, beýik nygmat derejesini gazanyp-da, käbir päsgelçilikler bilen, saglyk we salamatlyk ýaly käbir nygmatlara laýyk bolmandygy ýa-da ýalñyş ygtyýary ýa-da ýalñyş ulanmagy bilen elinden gaçyran ýa-da eliniñ ýetmeýäni üçin şikaýat etmek, sabyrsyzlyk etmek, “waý, näme etdim-de, beýle zatlar başyma geldi” diýip, İlahi Rububiýeti (Rububiyet – Allahyñ terbiýe edijiligi, Allahyñ her mahlugy kämillige tarap äkitmegi, mätäçliklerini üpjün etmegi) tankyt etmek ýaly bir ýagdaý; maddy hassalykdan has külpetli, manewi hassalykdyr. Döwülen eliñ bilen söweşýän ýaly, şikaýaty bilen hassalygyny artdyrar.

 

(Bellik): Hawa, bir topar hassalyk dileg etmäge sebäpdir, dileg hassalygyñ ýoklugyna sebäp bolsa, dilegiñ barlygy öz ýoklugyna sebäp bolar; bu-da bolup bilmez.

 

Akylly adam:  اَلّذِينَ اِذَا اَصَابَتْهُمْ مُصِيبَةٌ قَالُوا اِنَّا لِلّهِ وَاِنَّا اِلَيْهِ رَاجِعُونَ 
(“Olar başlaryna bir betbagtçylyk gelen wagty: « Biz Allah'a degişlidiris we soñunda O'ña öwrülip bararys» diýerler; Bakara Süresi, 156.) syryna görä, tä ol hassalyk, wezipesini tamamlap gidýänçä boýun bolup sabyr edýän adamdyr.

 

            
sesi yok