Ýigrimi bäşinji Şöhle (Lem’a) ikinci tercume | Ýigrimi bäşinji Şöhle (Lem’a) | 8
(1-15)

ON ÜÇÜNJİ ŞYPA: Eý, hassalykdan şikaýat edýän biçäre adam! Hassalyk käbirlerine ähmiýetli bir hazynadyr, örän gymmatly İlahi sowgatdyr. Her hassa, öz hassalygyny şonuñ ýaly diýip hasaplap biler. Ajal wagtynyñ belli däldigine görä; Jenab-y Hak, ynsany düýpleý umytsyzlykdan we düýpleý gaflatdan halas etmek üçin, gorky we umyt ortasynda we hem dünýä hem ahyrýeti gorap saklamak üçin, hikmeti bilen ajaly gizläpdir. Ajal her wagt gelip biljegine görä; eger ynsany gaflat içindekä tutsa, ebedi ýaşaýyşyna köp zyýan berip biler. Hassalyk gaflaty dargadar, ahyrýeti pikir etdirer, ölümi ýatladar, şeýdip taýýarlanar. Käwagt şeýle bir gazanjy bolar welin; ýigrimi ýylda gazanyp bilmedigi mertebäni ýigrimi günde gazanar. Gysgaçasy, dotlarymyzdan -Allah Rahmet etsin- iki ýaş ýigit bardy. Biri İlama'ly Sabri, beýlekisi İslamköý'li Wezirzade Mustafa. Bu iki kişi, talyplarymyñ içinde ýazma-çyzmany bilmeseler-de, ýürekdenlikde we iman hyzmatynda iñ öñki hatardadyklaryny haýran galmak bilen görýärdim. Hikmetini bilmeýärdim. Ölümlerinden soñra düşündim: olaryñ ikisinde-de ähmiýetli bir hassalyk bar eken. Ol hassalygyñ irşady (dogry ýola gönükdirmegi) bilen, beýleki gapyl we parzlary terk eden ýigitlerden tapawutlylykda, iñ möhüm bolan takwa we iñ gymmatly hyzmatda we ahyrýete peýdaly bir ýagdaýda ýaşadylar. İnşaAllah, iki ýyllyk hassalyk zähmeti, millionlarça ýyl ebedi ýaşaýşyñ bagtyna sebäp bolandyr. Men olaryñ saglygy üçin käwagt eden dileglerimi, indi düşünýärin, bu dünýä üçin betdileg (gargyş) bolupdyr. İnşaAllah, ol dilegim, olaryñ ahyrýet saglygy üçin kabul edilendir.

  Ynha bu iki kişi, meniñ ynanyşym boýunça, on ýyllyk takwa bilen gazanyp boljak bir gazanç ýaly peýda tapdylar. Eger olar, bir topar ýaşlar ýaly saglyk we ýaşlygyna bil baglap, gaflat we günälere topulsadylar; ölüm-de olary yzarlap, tüýs günäleriniñ pislikleri içinde tutan bolsady; ol nurlar hazynasy ýerine, gabyrlaryny içýanlar we ýylanlaryñ hinine öwürerdiler.

  Hassalyklaryñ şeýle peýdalary bardygyna görä, ondan şikaýat däl, tewekkül, sabyr bilen, belki şükür edip, İlahi Rahmete ynanmakdyr.

 

  ON DÖRDÜNJİ ŞYPA: Eý, gözüne perde inen hassa! Eger imanly adamlaryñ gözüne inen perdäniñ arkasynda neneñsi bir nur we manewi bir gözüñ bardygyny bilseñ, "Yüz müñ şükür Rabb-i Rahimime" diýersiñ. Bu merhemi düşündirmek üçin bir wakany gürrüñ bereýin. Şeýle: Maña sekiz ýyl kämil wepalylyk bilen hiç ynjytmazdan hyzmat eden Barla'ly (Barla – Türkiýede bir şäherçe. terj.) Süleyman'yñ daýzasynyñ, bir gezek gözi ýapyldy. Ol dindar aýal, maña hetdimden ýüz dereje aşa hüsn-ü zan (ýagşy güman) edip, "Gözümiñ açylmagy üçin dileg etsene" diýip, metjidiñ gapysynda meni tutdy. Men-de, ol mübärek we mejzub (Allah söýgüsinden özünden geçen) aýalyñ päkligini dilegime şepagatçy edip, "Ýa Rabbi, onuñ päkligi hormatyna onuñ gözüni aç" diýip ýalbardym. İkinci gün Burdur'lu bir göz hekimi geldi, gözüni açdy. Kyrk gün soñra ýene gözi ýapyldy. Men örän gynandym, köp dileg etdim. İnşaAllah ol dilegim, ahyrýeti üçin kabul bolandyr. Ýogsa meniñ ol dilegim, onuñ üçin örän ýalñyş bir gargyş bolardy. Çünki ajalyna kyrk gün galan eken. Kyrk gün soñra - Allah Rahmet etsin - wepat boldy. Ynha ol merhum aýal, kyrk günläp Barla'nyñ gussaly baglaryna rehimdar garrylyk gözi bilen seretmegine derek; gabrynda, Jennet baglaryny kyrk müñ günlerde synlamagyny gazandy. Çünki imany kuwwatly, dindarlygy güýçlüdi. Hawa, bir müminiñ gözüne perde çekilse we gözi körlügine gabra girse, derejesine görä, gabyrdaky ölülerden has artykmaç ol nur älemini tomaşa edip biler. Bu dünýäde biz nähili köp zatlary görüp, kör müminler görmeýän bolsa, şeýle-de gabyrda ol körler, iman bilen giden bolsa, şeýle derejede gabyrdaky ölülerden artykmaç görerler. İñ uzakdan görkezýän dürbiler bilen seredýän ýaly, gabrynda derejesine görä Jennet baglaryny kinoteatrda ýaly görüp, tomaşa ederler.

  İne, şeýle örän nurly we toprak astyndakañ gökleriñ üstündäki Jennet'i görjek we synlajak gözi - bu gözüñdäki perdäniñ añyrsynda - şükür we sabyr bilen tapyp bilersiñ. Ynha, ol perdäni seniñ gözüñden aýyrjak, ol göz bilen seni seretdirjek göz hekimi, Kuran-y Häkimdir.

 

           
sesi yok