Ýigrimi bäşinji Şöhle (Lem’a) ikinci tercume | Ýigrimi bäşinji Şöhle (Lem’a) | 6
(1-15)

DOKUZYNJY ŞYPA: Eý, Halykyny (Ýaradyjysyny) tanaýan hassa! Hassalyklardaky elem we gorkmak we ürkmek; hassalyk käwagt ölüme sebäp bolýandygy sebäplidir. Ölüm, gaflat nazarynda we daş görnüşinden aýylgançdygy sebäpli, oña sebäp bolup bilen hassalyklar gorkuzýar, howsala berýär.

  İlki bilen, "Ajal takdyrda bellenendir, üýtgemez"-digini bil we anyk iman et. Köp agyr hassalaryñ başynda aglaýanlar we saglyklary ýerinde bolanlar ölüp, ol agyr hassalar şypa tapyp ýaşandyrlar.

  İkinjiden: Ölüm, daşyndan görünişi ýaly gorkunç däldir. Köp Risalelerde örän anyk, şeksiz, şüphesiz bir şekilde, Kur'an-y Hakim'iñ beren nury bilen subut edendiris: Ehl-i iman (imanly adamlar) üçin ölüm, ýaşaýyş wezipesiniñ külpetinden bir rugsatdyr; hem dünyä meýdanyndaky synagda, tälim we buýruk bolan ubudiýetten (gullukdan) bir arakesmedir; hem beýleki äleme giden yüzde togsan dokuz dostlar we garyndaşlara gowuşmak üçin bir sebäpdir; hem hakyky watanyna we ebedi bagt mertebesine girmäge bir ulagdyr; hem dünýä zyndanyndan jennetler bossanyna bir çakylykdyr; hem Halyk-y Rahiminiñ (Merhemetli Ýaradyjy Allah) fazlyndan, öz hyzmatynyñ öwezine hakyny almak üçin bir nobatdyr. Ölümiñ düýp manysy hakykat nukdaýnazarynda şeýledigine görä; oña gorkup seretmek däl, tersine Rahmet we bagtyñ bir başlangyjy nazary bilen seretmek gerekdir. Hem ehlullahyñ (Allahyñ adamlary, öwlüýä) bir toparynyñ ölümden gorkmalary, ölüm gokusyndan däldir. Belki has köp haýyr gazanaryn diýip, ýaşaýyş wezipesiniñ dowamyndan gazanjaklary haýyrlar üçindir. Hawa, ehl-i iman üçin ölüm, Rahmet gapysydyr. Ehl-i dalalet (dogry ýoldan çykan, azaşan adamlar) üçin, ebedi zulmat guýusydyr.

 

  ONUNJY ŞYPA: Eý, gereksiz ‎‎ýere howsala düşen hassa! Sen, hassalygyñ agyrlygyndan howsala edýärsiñ. Ol howsalañ, seniñ hassalygyñy agyrlaşdyrar. Hassalygyñ ýeñilleşmegini isleseñ, howsala etmezlige çalyş. Ýagny, hassalygyñ peýdalaryny, sogabyny we çalt geçip gitjegini pikir et, howsalany aýyr, hassalygyñ köküni kes. Hawa, howsala etmek hassalygy ikileşdirer; maddy hassalygyñ astynda howsala bilen manewi bir hassalygy kalbyña berer; maddy hassalyk oña daýanar, dowam eder. Eger kaýyllyk bilen, razylyk bilen, hassalygyñ hikmetini pikir etmek bilen ol howsala gitse, ol maddy hassalygyñ möhüm bir köki kesiler, ýeñilleşer, bölekleýin aýrylar. Hususan, wehimler (was-wasy) bilen bir dirhem maddy hassalyk, käwagt howsala sebäbi bilen on dirhem ýaly ulalar. Howsalanyñ kesilmegi bilen, ol hassalygyñ ondan dokuzy gider. Howsala, hassalygy artdyryşy ýaly, İlahi hikmeti günäkärlemek we İlahi Rahmeti tankyt we Halyk-y Rahim’den şikaýat hökmünde bolýandygy üçin, maksadynyñ tersi bilen şarpyk iýer, hassalygyny artdyrar. Hawa, şükür nygmaty nähili zyýadalaşdyrýan bolsa.. şeýle-de şikaýat; hassalygy, betbagtçylygy artdyrar. Hem howsalanyñ özi-de bir hassalykdyr. Onuñ dermany hassalygyñ hikmetini bilmekdir. Hikmetini, peýdasyny bilýändigiñe görä; ol merhemi howsalanyñ üstüne sür, gutul. “Ah” ýerine “oh” diý, “wa-esefa” ýerine “Elhamdulillahi alä kulli hal" diý.

 

           
sesi yok