Ýigrimi bäşinji Şöhle (Lem’a) ikinci tercume | Ýigrimi bäşinji Şöhle (Lem’a) | 4
(1-15)

  BÄŞİNJİ ŞYPA: Eý, kesele duçar bolan hassa! Bu döwürde tejribäm bilen göz ýetirdim; hassalyk käbirlerine Allahyñ yhsanydyr, Rahmanyñ sowgadydyr. Şu sekiz-dokuz ýyldyr, laýyk bolmadygym halda, käbir ýaşlar, hassalyk sebäbi bilen dileg üçin meniñ bilen duşuşdylar. Haýsy hassalykly ýaş adamy görsem, beyleki ýaşlara görä ahyrýetini pikir etmäge başlaýandygyna dykgat etdim. Ýaşlyk serhoşlugy ýok. Gaflat içindäki pis höweslerinden bir dereje özüni halas edýär. Men-de olara çydamlylyk çägindäki hassalyklaryny Allahyñ yhsanydygyny ýatladardym. Diýerdim: "Gardaşym, men seniñ bu hassalygyña garşy däl, hassalyk üçin saña ýüregim awap gynanmaýaryn ahyryn, dileg eder ýaly. Hassalyk seni doly oýandyrýança sabyr etmäge çalyş we hassalyk öz wezipesini gutarandan sonra Halyk-y Rahim (İñ Merhemetli Ýaradyjy Allah) inşaAllah saña şypa berer". Hem diýerdim: "Seniñ bir topar deñ-duşlaryñ saglyk belasy bilen gaflata düşüp, namazy terk edip, gabry ýadyna salman, Allah'y unudyp, bir sagatlyk dünýä ýaşaýşyny ýüzleý görünýän keýpi bilen, çäksiz ebedi ýaşaýşyny sarsar, zaýalar, belki-de harap eder. Sen hassalyk gözi bilen, hökman gitjek menziliñ bolan  gabryñy we has arkasyndaky ahyrýet menzillerini görýärsiñ we oña görä hereket edýärsiñ. Diýmek, seniñ üçin hassalyk - saglykdyr. Bir topar deñ-duşlaryñdaky saglyk - hassalykdyr."

 

  ALTYNJY ŞYPA: Eý, elemden (jebirden) şikaýat eden hassa! Senden soraýaryn; geçen ömrüñi pikir et we ol ömürde geçen lezzetli sapaly günleri we bela we elemli wagtlaryñy yadyña sal. Elbetde, ýa “oh”, ýa “ah” diýjeksiñ. Ýagny, ýa “elhamdulillah şükür” ýa-da “wa-hasreta”, “wa-esefa” kalbyñ ýa-da diliñ diyer. Dykgat et, saña “oh elhamdulillah şükür” diýdiren, seniñ başyñdan geçen elemleriñ, betbagtçylyklaryñ ýatlanmagy, bir manewi lezzeti açar; seniñ kalbyñ şükür eder. Çünki, elemiñ gutarmagy lezzetdir. Ol elemler, ol betbagtçylyklar tamamlanyp, ruhda lezzeti miras goýar, ony pikir etmek bilen açylsa, ruhdan bir lezzet akar, şükürler damar. Saña “wa-esefa”, “wa-hasreta” diýdiren, öñki zamanda geçiren lezzetli we sapaly ol ýagdaýlardyr; gutarmagy bilen, seniñ ruhuñda müdimi bir elem miras goýup, her haçan pikir etseñ, ol elem ýene açylyp, ökünç we hasrat akydýar. Bir günlük gaýr-y meşru (şerigata sygmaýan) lezzet, käwagt bir yyl manewi elem çekdirýär. We wagtlaýyn bir günlük hassalyk bilen gelen elem, köp günler manewi sogap lezzeti bilen birlikde, tamamlanmagyndaky halas we gutulmakdan gelen manewi lezzet bardyr. Seniñ başyñdaky häzirki bu geçiji hassalygyñ netijesi we iç yüzündäki sogaby pikir et, "Bu-da geçer!" diý, şikaýat ýerine şükür et.

 

  ALTYNJY ŞYPA: (Bellik), dünyä lezzetini pikir edip, hassalykdan gam çeken doganym! Eger bu dünyä müdimi bolsady we ýolumyzda ölüm bolmasady we aýralyk we heläk ýelleri ösmeýän bolsady we betbagtçylykly, apy-tupanly gelejekde manewi gyş möwsümleri bolmasady; men hem seniñ bilen birlikde seniñ halyña gynanardym. Emma bu dünyä bir gün bize “hany, daşary çyk” diýjekdigine, perýadymyzdan gulagyny dykjakdygyna görä, ol bizi daşary kowmazdan öñ biz bu hassalyklar duýduryşy bilen şu wagtdan onuñ yşkyndan ýüz öwürmelidiris. Ol bizi terk etmezden owal, biz ony terk etmäge çalyşmalydyrys. Hawa, hassalyk bu manyny bize duýduryp, şeýle diyer: "Seniñ bedeniñ daşdan, demirden däldir. Belki hemişe bölünmäge taýýar dürli maddalardan emele gelendir. Ulumsylygy taşla, ejizligiñe düşün, Eýäñi tana, wezipäñi bil, bu dünyä nämüçin gelendigiñi öwren" diýip, kalbyñ gulagyña gizli duýduryş berýär. Hem dünýäniñ keýpi, lezzeti dowam etmeýändigine, hususan, şerigata laýyk bolmasa hem dowamsyz, hem elemli, hem günäli bolýandygyna görä, ol keýpi ýitirenligiñ sebäpli hassalyk bahanasy bilen aglama; tersine hassalykdaky manewi ybadat we ahyrýete degişli sogap tarapyny pikir et, lezzet almaga çalyş.

 

           
sesi yok