Ýigrimi bäşinji Şöhle (Lem’a) ikinci tercume | Ýigrimi bäşinji Şöhle (Lem’a) | 2
(1-15)

 

  (Hassalara merhem, teselli, manewi bir şypanama, hassa zyýaraty we geçmiş bolsun hökmünde ýazylandyr.)

 

Duýduryş we ötünç.

 

  Bu manewi şypanama, ähli ýazanlarymyzdan has üstün bir tizlikde (Bellik) ýazylyşy ýaly; hem umumynyñ tersine düzeldişe we dykgata wagt tapylman, ýazylyşy ýaly örän çaltlykda, diñe ýeke gezek nazardan geçirildi. Diýmek, ilk garalama golýazmasy hökmünde bulaşyk galandyr. Kalba fytri (tebigy) bir şekilde gelen hatyratlary, sungat we dykgat bilen bozmazlyk üçin, täzeden gözden geçirilmegini gerekli görmedik. Okaýan kişiler, hususan hassalar käbir hoş bolmaýan jümlelerden ýa-da agyr sözlerden we beýanlardan gysylyp öýkelemesinler, maña-da dileg etsinler.

 بِسْمِ اللّهِ الرَّحْمنِ الرَّحِيمِ

اَلّذِينَ اِذَا اَصَابَتْهُمْ مُصِيبَةٌ قَالُوا اِنَّا لِلّهِ وَاِنَّا اِلَيْهِ رَاجِعُونَ  (1)

* وَالَّذِى هُوَ يُطْعِمُنِى وَيَسْقِينِ وَاِذَا مَرِضْتُ فَهُوَ يَشْفِينِ(2)



  1
"Ol kimseler, başlaryna bir betbagtçylyk geleninde 'Biz Allah'yñ gullarydyrys; öwrülip barşymyz-da diñe Oñadyr' diýerler." Bakara Süresi, 2:156.       

2 "Meni iýdiren we içiren Ol’dur. Hassalananymda maña şypa beren-de Ol’dur." Şuara Süresi, 26:79-80

 

Şu Şöhlede, ynsan kowmunyñ ondan bir bölümini emele getirýän betbagtçylyga uçranlar we hassalara hakyky bir teselli we peýdaly bir merhem bolup biljek ýigrimi bäş şypany gysgaça beýan edýäris.

 

  BİRİNJİ ŞYPA: Eý biçäre hassa! Gaýgy etme, sabyr et. Seniñ hassalygyñ saña dert däl, belki belli bir derejede dermandyr. Çünki ömür bir baýlykdyr, geçip barýar. Miwesi bolmasa zyýan bolar. Hem rahatlyk we gaflat bilen bolsa, örän tiz geçip gidýär. Hassalyk, seniñ ol baýlygyñy uly peýdalar gazandyryp, miwedar edýär. Hem ömrüñ çalt geçip gitmegine ýol bermeýär, saklaýar, uzynlaşdyrýar.. tä miwelerini berip, ondan soñra gider ýaly. Ynha, ömrüñ hassalyk bilen uzyn bolmagyna yşarat hökmünde şu nakyl dillerde dessandyr; "Betbagtçylyk döwri örän uzyndyr, sapa döwri örän gysga bolýar. "

 

sesi yok