Ýigrimi bäşinji Şöhle (Lem’a) ikinci tercume | Ýigrimi bäşinji Şöhle (Lem’a) | 5
(1-15)

YEDİNJİ ŞYPA: Eý, saglygynyñ lezzetini ýitiren hassa! Seniñ hassalygyñ saglykdaky İlahi nygmatyñ lezzetini gaçyrmaýar, tersine datdyrýar, zyýadalaşdyrýar. Çünki bir zat dowam etse täsirini ýitirýär. Hatda ehl-i hakykat (hakykata ulaşan kişiler) bilelikde diýýärler:

اِنَّمَا اْلاَشْيَاءُ تُعْرَفُ بِاَضْدَادِهَا ýagny: "Her zat tersi bilen biliner". Meselem, garañkylyk bolmasa yşyk bilinmez, lezzetsiz galar. Sowuk bolmasa gyzgynlyga düşünip bolmaz, mazasyz bolar. Açlyk bolmasa, nahar lezzet bermez. Suwsamaklyk bolmasa, suw içilmegi hezillik bermez. Dert bolmasa, esenlik mazasyzdyr. Kesel bolmasa, saglyk lezzetsizdir. Fatyr-y Hakim  (Hikmetli Ýaradyjy Allah) ynsana her dürli yhsanyny duýdurmak we her görnüş nygmatyny datdyrmak we ynsany elmydama şükre ugrukdyrmak isleýändigini, şu älemde dürli dürli çäksiz nygmat görnüşlerini dadyp tanap biljek derejede örän köp enjamlar bilen ynsany enjamlaşdyrmagy görkezýändigine görä, elbetde saglyk we esenlik berişi ýaly; hassalyklary, keselleri, dertleri-de berjekdir. Senden soraýaryn: "Bu hassalyk seniñ başyñda ya eliñde ýa-da aşgazanyñda bolmadyk bolsady; sen, başyñ, eliñ, aşgazanyñ saglygyndaky lezzetli, mazaly İlahi nygmaty duýup, şükür edermidiñ? Elbetde, şükür-ä däl, belki pikir hem etmezdiñ; ol saglygy añmazdan gaflata, belki günälere sarp ederdiñ."

 

  SEKİZİNJİ ŞYPA: Eý, ahyrýetini pikir edýän hassa! Hassalyk, sabyn kimin, günälariñ kirlerini ýuwar, tämizlär. Hassalyklar, keffaret-uz zünub (günäleriñ ýuwulmagyna sebäp) bolýandygy sahyh (takyk, dogruçyl) Hadys (Muhammed Pygamberiñ (aleýhissalatu wes selam) aýdan sözi ýa-da eden işi) bilen anykdyr. Hem Hadysda bardyr: "Bişen agajy silkeniñde miweleri nähili gaçýan bolsa; imanly bir hassanyñ titremegi-de günäleri şeýle silkelär." Günäler, ebedi yaşaýyşda müdimi hassalyklardyr. Bu dünýä ýaşaýşynda hem kalp, wyždan, ruh üçin manewi hassalyklardyr. Sen eger sabyr edip, şikaýat etmeseñ, şu wagtlaýyn hassalyk bilen müdimi örän köp hassalyklardan halas bolarsyñ. Eger günäleri pikir etmeýän bolsañ, ýa-da ahyrýeti bilmeýän bolsañ ýa-da Allah'y tanamaýan bolsañ, sende şeýle bir aýylganç hassalyk bar welin; sendäki bu kiçijik hassalykdan million esse has uludyr. Ondan perýat et. Çünki kalbyñ, ruhuñ we nebsiñ bütün dünýäniñ barlyklary bilen baglanyşyklydyr. Dowamly aýralyk we heläk bilen ol baglanyşyklar kesilip, sende çäksiz ýaralar açylar. Hususan, ahyrýeti bilmeýänligiñ üçin,

 

(Bellik): Tebigy bir şekilde bu şöhle ýada düşenligi sebäpli, altynjy mertebede iki şypa yazylypdyr. Tebigylygyna goşulmazlyk üçin şol durşuna goýduk, belki bir syr bardyr diýip üýtgetmedik.

 

ölümi ebedi ýok bolmak diyip güman edýänligiñ sebäpli, göýä ýaralar içinde, dünýä möçberiçe hassalykly bir bedeniñ bar. Ynha, iñ owal çäksiz ýaraly we hassalykly şu uly manewi bedeniñ çäksiz hassalyklaryna anyk em we anyk şypa beriji bir derman bolan iman dermanyny gözlemek we ygtykadyñy (ynanjyñy) düzeltmek gerekdir, ol dermany tapmak üçin iñ gysga ýol, şu maddy hassalygyñ ýyrtan gaflat perdesiniñ arkasynda saña görkezýän ejizlik we gowşaklyk penjeresi bilen, Kadyr-y Züljelal'yñ (Beýik Gudratly Allah) gudratyny we Rahmetini tanamakdyr. Hawa, Allah'y tanamaýan adamyñ dünyä möçberiçe bela başynda bardyr. Allah'y tanaýanyñ dünýäsi nur bilen we manewi şatlyk bilen doludyr. Derejesine görä iman kuwwaty bilen duýarlar. Bu imandan döreýän manewi şatlyk we şypa we lezzetiñ astynda, kiçijik maddy hassalyklaryñ elemi erär, mynjyrar.

 

           
sesi yok