Ýigrimi bäşinji Şöhle (Lem’a) ikinci tercume | Ýigrimi bäşinji Şöhle (Lem’a) | 3
(1-15)

  İKİNJİ ŞYPA: Eý, sabyrsyz hassa! Sabyr et, belki şükür et. Seniñ bu hassalygyñ, ömür minutlaryny sagatlarça ybadat hökmüne öwürip biler. Çünki, ybadat iki kysymdyr. Biri müsbet (polojitel) ybadatdyr; namaz, nyýaz ýaly mälim ybadatlardyr. Beýlekisi menfî (otrisatel) ybadatlardyr; hassalyklar, betbagtçylyklar serişdesi bilen betbagtzada ejizligini, gowşaklygyny duýar. Halyk-y Rahimine (Merhemetli Ýaradyjysyna) sygynar, ýalbarar. Halys, ryýasyz, manewi ybadata duçar bolar. Hawa, hassalyk bilen geçen bir ömür, Allah'dan şikaýat etmezlik şerti bilen, mü'min (ynanan, imanly adam) üçin ybadat hasaplanýandygy barada sahyh (dogry) habar bardyr. Hatda, käbir sabyrly we şükürli hassalaryñ bir minutlyk hassalygy, bir sagat ybadat hökmüne geçýändigi we käbir kämilleriñ bir minudy bir gün ybadat hökmüne geçýändigi, sahyh habar we sadyk keşifler bilen anykdyr. Seniñ bir minut ömrüñi, müñ minut hökmüne getirip, saña uzyn ömri gazandyran hassalykdan şikaýat däl, şükür et.

 

  (Bellik): Bu Risale, dört ýarym sagadyñ içinde ýazyldy.

  ÜÇÜNJİ ŞYPA: Eý, çydamsyz hassa! Ynsanyñ bu dünýä keýp çekmek we lezzet almak üçin gelmändigine, gelenleriñ hemişe gitmegi we ýaşlaryñ garramagy we dowamly heläk we aýralykda togalanyp gitmegi şaýatdyr. Hem ynsan, janlylaryñ iñ kämili, iñ beýigi we gurluşy boýunça iñ baýy, belki ähli janlylaryñ soltany hökmünde wagty, geçen lezzetleri we geljek belalary pikir etmek bilen, haýwana görä iñ pes derejede, diñe gaýgyly, muşakgatly bir ömür geçirýär. Diýmek, ynsan bu dünýä diñe gözel ýaşamak üçin we rahatlyk we sapa bilen ömür geçirmek üçin gelen däldir. Belki, elinde ägirt bir baýlyk bolan ynsan, bu ýerde täjirçilik bilen, ebedi müdimi bir ýaşaýyşyñ sagadaty (bagty) üçin  zähmet çekmek üçin gelendir. Onuñ eline berilen baýlyk-da ömürdir. Eger hassalyk bolmasa, saglyk we salamatlyk gaflata (kalp körlügine) salar, dünýäni hoş görkezer, ahyrýeti unutdyrar. Gabry we ölümi ýadyna saldyrmagy islemez, ömür baýlygyny bad-y howa (arzuw ýeline) biderek sarp etdirer. Hassalyk bolsa, birden gözüni açdyrar. Bedenine we jesedine diýer: "Ölümsiz dälsiñ, bikär dälsiñ, bir wezipäñ bar. Ulumsylygy taşla, seni ýaradany pikir et, gabra girjegiñi bil, şoña görä taýýarlan". Ynha, hassalyk bu nukdaýnazardan hiç aldamaz bir nesihatçy we duyduryjy bir mürşiddir (hak ýoly gorkeziji). Ondan şikaýat däl, belki bu tarapdan oña minnetdar bolmak; eger has agyr gelse, sabyr islemek gerekdir.

 

  DÖRDÜNJİ ŞYPA: Eý, şikaýatçy hassa! Seniñ hakyñ şikaýat däl-de şükürdir, sabyrdyr. Çünki, seniñ bedeniñ we agza we enjamlaryñ, seniñ mülküñ däldir. Sen olary yasan dälsiñ, başga dükanlardan satyn alan dälsiñ. Diýmek, başgasynyñ mülküdir. Olaryñ E‎ýesi, mülküni isleýşi ýaly ulanar. Ýigrimi altynjy Söz'de aýdylyşy ýaly, mysal üçin, juda baý, örän ussat bir sungatkär; gözel sungatyny, gymmatly baýlygyny görkezmek üçin, misgin (garyp) bir adama nusgalyk wezipesinde ulanmak maksady bilen, belli bir muzda garşylyk, bir sagatjyk wagtyñ içinde, bezegli we örän sungatly tiken bir köýnegini, bir geýimi ol garyba geýdirer. Onuñ üstünde işlär we dürli duruşlarda goýar. Ajaýyp sungatynyñ görnüşlerini görkezmek üçin keser, üytgeder, uzaldar, gysgaldar. Eýsem, bu hakyna tutulan misgin adam, ol kişä diýse: "Meni bimaza edýärsiñ, egilip turuzmak bilen meni ynjalyksyzlandyrýarsyñ, meni owadanlaşdyran bu köýnegi kesip gysgaltmak bilen gözelligimi bozýarsyñ" diýmäge haky bolarmy? Merhemetsizlik, ynsapsyzlyk etdiñ diýip bilermi? Ynha, edil şu mysal ýaly, Sani-i Züljeläl (Beýik Sungatly Ýaradyjy Allah) saña, eý hassa, göz, gulak, akyl, kalp ýaly nurana duýgular bilen bezelip geýdiren beden köýnegini, Esma-i hüsnasynyñ (Gözel İsimleriniñ) nagyşlaryny görkezmek üçin, köp ýagdaýlar içinde seni öwürer we köp ýagdaýlarda seni üýtgeder. Sen açlyk bilen onuñ Rezzak (Rysgal Beriji Allah) ismini tanaýşyñ ýaly, Şäfi (Şypa Beriji Allah) ismini-de hassalygyñ bilen bil. Elemler (agyry, jebir, kynçylyk), betbagtçylyklar bir topar İsimleriniñ hökümlerini görkezýändikleri üçin, olarda hikmetden şöhleler we Rahmetden yşyklar we ol yşyklar içinde köp gözellikler bardyr. Eger perde açylsa, senin gorkýan we ýigrenýän hassalyk perdesiniñ arkasynda, ýakymly gözel manylary taparsyñ.

 

sesi yok