Ýigrimi bäşinji Şöhle (Lem’a) ikinci tercume | Ýigrimi bäşinji Şöhle (Lem’a) | 7
(1-15)

ON BİRİNJİ ŞYPA: Eý, sabyrsyz hassa gardaş! Hassalyk, bar bolan bir jebri saña çekdirmek bilen birlikde; owalky hassalygyñdan şu güne çenli ol hassalygyñ gutarmagyndaky manewi lezzeti we sogabyndaky ruhy lezzeti berýär. Şu günden, belki şu sagatdan soñraky zamanda hassalyk ýok, elbetde ýokdan elem ýok; elem bolmasa agyry bolup bilmez. Sen yalñyş bir şekilde wehim edýänligiñ üçin sabyrsyzlyk gelýär. Çünki şu günden owal bütün hassalyk zamanynyñ maddy tarapy gitmek bilen, elemi-de birlikde gidendir; özündäki sogaby we gutarmagyndaky lezzeti galandyr. Sana peýda we şatlyk bermegi gerek ýerinde, olary pikir edip, jebir çekmek we sabyrsyzlyk etmek diwanalykdyr. Gelejek günler entek gelenoklar. Olary şu wagtdan pikir edip, ýok bir günde, ýok bolan bir hassalykdan, ýok bolan bir elemden wehim bilen pikir edip jebir çekmek, sabyrsyzlyk etmek bilen, üç mertebe ýok ýoga barlyk reñkini bermek, diwanalyk däl-de nämedir? Şu sagatdan öñki hassalyk wagty şatlyk berýändigine görä we ýene-de şu sagatdan soñraky wagtyñ entek ýokdugyna, hassalygyñ ýokdugyna, elemiñ ýokdugyna görä, sen, Jenab-y Hak'yñ saña beren bütün sabyr güýjüni beyle saga-sola paýlaşdyrma; şu sagatdaky eleme garşy birleşdir; "Ýa, Sabur!" diý, çyda.

 

  ON İKİNJİ ŞYPA: Eý, hassalyk sebäbi bilen ybadat we wirdlerinden mahrum galan we bu mahrumiýetden gaýgylanýan hassa! Şuny bil: Muttaky (Allahdan gorkup günälerden gaçýan adam) bir mümin, hassalyk sebäbi bilen ýerine yetirip bilmeýän hemişelik wirdiniñ (dowamly okalan dileg, zikir) sogabyny, hassalyk zamanynda ýene-de gazanýandygy Hadys bilen anykdyr. Parzy, mümkün boldugyça ýerine ýetirýän bir hassa, sabyr we tewekkül (işleriñde eliñde baryny edeniñden soñ, Allaha sygynmak, daýanmak) bilen we parzlary ýerine ýetirmek bilen ol agyr hassalyk zamanynda beýleki sünnetleriñ ýerini, hem halys bir şekilde, hassalyk tutar. Hem hassalyk, ynsandaky ejizligi, gowşaklygy duýdurar. Ol ejizligiñ we gowşaklygyñ dili bilen hal we dil bilen dileg etdirer. Jenab-y Hak, ynsana çäksiz bir ejizlik we soñsuz bir gowşaklyk beripdir.. tä hemişelik bir şekilde İlahi dergähe sygynyp nyýaz etsin, dileg etsin.

 قُلْ مَا يَعْبَؤُا بِكُمْ رَبِّى لَوْلاَ دُعَاؤُكُمْ
ýagny "Eger dilegiñiz bolmasa näme ähmiýetiñiz bar!?" aýatynyñ syry bilen ynsanyñ ýaradylyş hikmeti we ähmiýetiniñ sebäbi bolan tüýs ýürekden dileg we nyýazyñ bir sebäbi hassalykdygy sebäpli, bu nokdaýnazardan şikaýat däl, Allah'a şükür etmek we hassalygyñ açan dileg çarhyny (kranyny), saglyga gowuşmak bilen ýapmazlyk gerekdir.

 

           
sesi yok