Ýigrimi bäşinji Şöhle (Lem’a) ikinci tercume | Ýigrimi bäşinji Şöhle (Lem’a) | 9
(1-15)

ON BÄŞİNJİ ŞYPA: Eý, ah-u-zar edýän hassa! Hassalygyñ daş şekline seredip “ah!” etme. Manysyna seret, “oh!” diý. Eger hassalygyñ manysy gözel zat bolmasady, Halyk-y Rahim iñ söýen gullaryna hassalyklary bermezdi. Emma Sahyh Hadysda: اَشَدُّ النَّاسِ بَلاَءً َاْلاَنْبِيَاءُ ثُمَّ اْلاَوْلِيَاءُ َاْلاَمْثَلُ فَاْلاَمْثَلُ  ýa-da aýdylyşy ýaly - ýagny: "İñ köp betbagtlyk we muşakgata giriftar bolanlar, ynsanlaryñ iñ ýagşysy, iñ kämilleridirler." Başynda Hezret-i Eýýub Aleýhissalam, Pygamberler, soñra öwlüýäler we soñra dindar päk adamlar başlaryna gelen hassalyklaryna halys bir ybadat, Rahmanyñ sowgady hökmünde garapdyrlar; sabyr içinde şükür edipdirler. Halyk-y Rahim'iñ Rahmetinden gelen bir jerrah (hirurg) operasiýasy hökmünde görüpdirler. Sen, eý, ah-u-zar edýän hassa! Şu nurana hatara goşulmak isleseñ, sabyr içinde şükür et. Ýogsa şikaýat etseñ, olar seni hatarlaryna almazlar. Gapyl adamlaryñ çukurlaryna gaçarsyñ!.. Garañky ýolda gidersiñ. Hawa, hassalyklaryñ bir topary bardyr: eger ölüm bilen netijelense, manewi şehit hökmünde Şehadet ýaly bir welilik derejesine sebäp bolar. Sözüñ gysgasy, çaga dogurmakdan dörän hassalyklar (Bellik) we garyn sanjysy bilen, gark we ýanmak we mergi sebäpli wepat bolan, manewi şehit boluşlary ýaly, ölüm bilen welilik derejesini gazandyrýan köp mübärek hassalyklar bardyr. Hem-de hassalyk, dünya söýgüsini we baglanyşygyny ýeñilleşdirýanligi sebäpli, ölüm bilen – bu dünýäni aşyry söýen adamlar üçin örän agyryly we ajy bolan - dünýädan aýrylmagy añsatlaşdyrar; käwagt hem söýdürer.

 

ON ALTYNJY ŞYPA: Eý, kynçylykdan şikaýat edýän hassa! Hassalyk, ynsanyñ jemgyýetçilik durmuşynda iñ möhüm we örän ýagşy duýgular bolan hormat we merhemeti döreder. Çünki ynsany wagşylyga we merhemetsizlige itekleýän istigna’dan (istigna – özüñi özüñe ýeterli görmek) halas edýär. 
Çünki اِنَّ اْلاِنْسَانَ لَيَطْغَى اَنْ رَآهُ اسْتَغْنَى  
 (Elbetde ynsan, özüni özüne ýeterli görende azgynlaşar." Alak Süresi, 96:6-7) syryna görä, saglyk we salamatlykdan döreýän istignada bolan nefs-i emmare (erbetlikleri buýurýan nebis), hormata laýyk bolan köp doganlyklara hormat goýmaz. We merhemete we mähirlilige laýyk bolan betbagtzadalara we hassalara merhemet duýmaz. Haçan-da hassalananda, ol hassalykda ejizligine we garyplygyna düşüner, hormata laýyk gardaşlaryna hormat eder. Zyýaratyna gelen ýa-da oña kömek eden mü'min doganlaryna hormat duýar. We öz jynsyñdan bolanlara rehimdarlykdan döreýän ynsanlyga mähri we iñ möhüm bir Yslam häsiýeti bolan betbagtçylyga uçranlara merhemeti duýup, olary özüne deñeşdirip, olara doly manysynda ýüregi awar, mähir eder, elinden gelse ýardam eder, hiç bolmasa dileg eder, hiç bolmasa şerigata görä sünnet bolan hal-ýagdaýyny soramak üçin zyýaratyna gider, sogap gazanar.

 

sesi yok