Ýigrimi bäşinji Şöhle (Lem’a) ikinci tercume | Ýigrimi bäşinji Şöhle (Lem’a) | 10
(1-15)

ON ÝEDİNJİ ŞYPA: Eý, hassalyk sebäpli haýyrly işler edip bilmeýänliginden şikaýat edýän hassa! Şükür et, haýyrly işleriñ iñ päkizesiniñ gapysyny saña açan, hassalykdyr. Hassalyk dowamly

 

  (Bellik): Bu hassalygyñ manewi Şehadeti gazandyrmagy, lohusa (çaga dogran aýal) wagty bolan kyrk güne çenlidir.

hassanyñ özüne we Allah razyçylygy üçin hassa seredýänlere sogap gazandyrmak bilen birlikde, dilegiñ kabul bolmagyna iñ möhüm wesiledir (serişdedir). Hawa, syrkawlara seretmek imanlylar üçin möhüm sogaby bardyr. Hassalaryñ ýagdaýyny soramak, hassa azar bolmazlyk şerti bilen zyýarat etmek, sünnet-i Seniýýedir (Muhammed  Pygamberiñ (saw) eden işleri we sözleri); keffaret-uz zünub (günäleriñ bagyşlanmagyna sebäp) bolar. Hadysda bardyr: "Hassalaryñ alkyşyny (ýagşy dilegini) alyñ, olaryñ dilegi kabuldyr." Hususan, hassa garyndaş bolsa, aýratyn hem, ata we ene bolsa, olara hyzmat etmek möhüm ybadatdyr, möhüm sogapdyr. Hassalaryñ kalbyny hoşnut etmek, teselli bermek, möhüm sadaka hökmündedir. Ata we enesiniñ hassalyk wagtynda, olaryñ tiz täsirlenýän kalplaryny şat edip, haýyr dileglerini alan perzent bagtlydyr. Hawa, jemgyýetçilik durmuşynda iñ hormatly hakykat bolan ata we enesinin mähirleriniñ öwezine, hassalyklary wagtynda kämil hormat we perzent mähri bilen jogap beren ol ýagşy perzendiñ ýagdaýyny we ynsanyýetin beýikligini görkezýän ol wepaly hala garşy, hatda perişdeler hem "MäşäAllah, BarekAllah" diýip gutlaýarlar. Hawa, hassalyk wagtynda, hassalyk agyrysyny ýok etjek örän hoş we rahatly, daş-töweregiñde görünen mähirlerden we rehim etmek we merhemetlerden döreýän lezzetler bar. Hassanyñ dileginiñ kabul edilýändigi, ähmiýetli meseledir. Men otuz-kyrk ýyldan bäri, mendäki kulunç (agyryly hassalyk) diýilýän hassalykdan şypa bermegi üçin dileg ederdim. Men hassalyklaryñ dileg üçin berilendigine düşündim. Dileg bilen dilegi, ýagny dilegiñ özi özüni ýok etmeýänliginden dilegiñ netijesiniñ ahyrýete degişlidigine düşündim (Bellik); dilegiñ özi-de ybadatdyr we hassalyk bilen ejizdigine düşünip, İlahi dergaha sygynar. Şonuñ üçin otuz ýyldyr şypa dilegini etsem hem, dilegim daş görünişde kabul bolmady diýip, dilegi terk etmek kalbyma gelmedi. Çünki hassalyk, dilegiñ wagtydyr; şypa, dilegiñ netijesi däldir. Belki Jenab-y Häkim-i Rahim şypa berse, ony fazlyndan (kereminden, lütfundan) berer. Hem dileg, isledigimiz şekilde kabul bolmasa kabul bolmady diyilmez. Halyk-y Häkim (Hikmetli Ýaradyjy Allah) has oñat bilýär, peýdamyza näme haýyrly bolsa ony berer. Käwagt şu dünýä degişli dileglerimizi, biziñ bähbidimiz üçin ahyrýetimize öwürer, şeýle kabul eder. Nähili bolsa-da... Hassalyk syry bilen halyslyk (päklik, durylyk) gazanan, hususan gowşaklyk we ejizlik we peslik we mätäçlikden dörän bir dileg kabul edlimegine örän ýakyndyr. Hassalyk şeýle halys dilegiñ sebäbidir. Hem dindar bolan hassa, hem hassa seredýän mü'minler bu dilegden peýdalanmalydyrlar.

 

sesi yok