Ýigrimi bäşinji Şöhle (Lem’a) ikinci tercume | Ýigrimi bäşinji Şöhle (Lem’a) | 13
(1-15)

 

  YİGRİMİNJİ ŞYPA: Eý, derdine derman gözleýän hassa! Hassalyk iki dürlüdir. Bir görnüşi hakyky, bir görnüşi wehmidir (hyýaly, was-wasyly). Eger hakyky görnüşi bolsa, Şäfi-i Hakim-i Züljelal (İñ Beýik we İñ Hikmetli Şypa Beriji bolan Allah), ýer togalagy bolan ägirt dermanhanasynda her derde bir derman ýerleşdiripdir. Ol dermanlaryñ bolmagy, dertleriñ bolmagyny gerekdirer. Her derde bir derman ýaradandyr. Bejeriş üçin dermanlary içmek, ulanmak meşru’dyr (şerigata laýykdyr). Emma täsiriñ we şypanyñ, Jenab-y Hak'dandygyny bilmek gerekdir. Dermany Onuñ berişi ýaly, şypany-da Ol berýändir. Ussat dindar lukmanlaryñ (hekimleriñ) maslahatlaryny ýerine ýetirmek, ähmiýetli çäredir. Çünki köp hassalyklar ýalñyş ulanmakdan, berhizsizlikden (iýmek-içmekde çäksizlik, agyz beklemezlik) we isripden (aşyrylyk) we hatalardan we günäleri etmekden we dykgatsyzlykdan döreýär. Dindar hekim (lukman, doktor), elbetde şerigata görä nesihat we maslahatlar berer. Ýalñyş ulanmaklygy, isripligi gadagan eder, teselli berer. Hassa ol maslahatlara we ol tesellä ynanmak bilen hassalygy ýeñilleşer, kynçylyk deregine rahatlyk berer. Emma wehmi hassalyk görnüşi bolsa; onuñ iñ täsirli dermany, üns (ähmiyet) bermezlikdir. Üns berdigiñçe ol ulalar, çişer. Üns bermeseñ kiçeler, dargap gider. Arylara degseñ, adamyñ daşyna üýşerler, üns bermeseñ ýaýrap giderler. Hem garañkyda gözüñe sallanan bir sapak sebäpli dörän hyýala ähmiýet berdigiñçe ulalar. Hatda käwagt ony däli ýaly gaçyrar; ähmiýet bermese, ýönekeý bir ýüpüñ ýylan däldigini görer, öz aljyrap ýörşüne güler. Bu wehmi hassalyk köp dowam etse, hakykata öwrüler. Wehham (was-wasy) we gyzma adamlarda erbet bir keseldir. Dänäni gümmez eder (peşäni pil görkezer); manewi güýjüni gyrar. Hususan, merhemetsiz ýarym hekimlere ýa-da ynsapsyz doktorlara gabat gelse, was-wasylaryny has beter herekete geçirer. Baý bolsa baýlygy gider; ýogsa ýa akly gider ýa-da saglygy gider.

 

YİGRİMİ BİRİNJİ ŞYPA: Eý, hassa dogan! Seniñ hassalygyñda maddy agyry bar, emma ol maddy agyryñ täsirini ýok etjek ähmiýetli manewi lezzet seni gurşap dur. Çünki ene-atañ we garyndaşlaryñ bar bolsa, köpden bäri ýatdan çykaran örän lezzetli ol köne mähirleri seniñ töweregiñde täzeden oýanyp, çagalyk wagtyñda gören ol şirin seredişleri ýene görmek bilen birlikde; gizli we perdeli galan töweregiñdäki dostluklar, hassalygyñ özüne çekmegi bilen ýene saña muhabbet bilen seredýändikleri sebäpli, elbetde bu zatlaryñ yanynda seniñ şu maddy agyryñ hiç zat bolup galar. Hem seniñ guwanç bilen hyzmat eden we hoşamaýlygyny gazanmaga çalyşan kişileriñ, hassalygyñ hökmi bilen saña merhemetlilik bilen hyzmatkärlik edýändikleri sebäpli, hojaýynlaryña hojaýyn bolduñ. Hem ynsanlardaky öz jynsyndäkilere bolan rehimdarlygy we öz görnüşindäkilere bolan mähirliligi özüne çekýänligi sebäpli, ýok ýerde köp yardamçy ýoldaşlar we mähirli dostlar tapdyñ. Hem köp muşakgatly hyzmatlardan arakesme buýrugyny ýene-de hassalykdan aldyñ, dynç alýarsyñ. Elbetde seniñ kiçijik agyryñ, şu manewi lezzetleriñ ýanynda seni şikaýat däl, şükür etdirmelidir.

 

sesi yok